Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Geljegiň uçarlar nähili bolar
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Geljegiň uçarlary nähili bolar
Dünýäniň ähli ýerinden awiakompaniýalar «Crystal Cabin Awards» halkara bäsleşigi üçin geljekki uçarlaryň dizaýnynyň 100-den gowrak innowasion konsepsiýasyny hödürlediler, bu barada «The Sun» britan gazeti habar berýär.

Diwaryň ýanyndaky orunlar üçin has köpräk giňişlik bolar. Adient Aerospace kompaniýasy «Space for All» taslamasyny hödürledi, oňa laýyklykda, diwaryň ýanynda oturýan ýolagçylar aýagyňy uzatmak üçin has köpräk giňişlige eýe bolarlar we olar oturgyçlaryny ýazmak bilen ony ýatylýan zolaga öwrüp bilerler.

Oturgyçlar üçin wirusa garşy örtükler bolar. Uçaryň oturgyçlary yzygiderli arassalanyp durulýandygyna garamazdan, mikroblary ýaýratmak üçin gowy serişde bolup hyzmat edýär. Ýöne Boeing kompaniýasyndaky taslaýjylar özleriniň oturgyçlar üçin niýetlenilen antiwirus örtükleriniň bu ýagdaýy üýtgetjekdigine ynam bildirýärler. Bu örtük polimer bilen örtülen, ol mikrobyň daşky bölegini ýok edýär we mikrob döräp bilmez ýaly onuň töwereginde ýakymsyz şerti döredýär.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, şeýle örtükler sowuklamany we dümewi dörediji köp sanly wiruslary hem ýok edip biler.

Aýnalaryň imitasiýasy. Buharest Milli sungat uniwersiteti uçarlaryň kabinasynda ýerleşdiriljek sanly penjireleriň konsepsiýasyny hödürledi. Muňa laýyklykda, islendik wagtda ýolagçy uçaryň daşky kamerasy arkaly alynýan janly suratlary islendik pursatda ýükläp alyp bilýär.

Krowata öwrülýän oturylýan ýerler. Delft tehnologik uniwersiteti uçuş wagtynda ýolagçylara uky üçin has köpräk giňişlik bermeklige gönükdirilen taslamalarynyň birbada birnäçesini teklip etdi. Olaryň arasynda uçaryň kabinasynda ýerleşdirilýän iki ýarusly krowat we ýatylýan ýere öwrüp boljak oturgyç bar.
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07596 sek. ýüklenen baýt: 31218