Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Alymlar haýal ylgawyň ömür dowamlylygyny uzaldýandygyny aýtdylar
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM

Alymlar haýal ylgawyň ömür dowamlylygyny uzaldýandygyny aýtdylar


Arassa howada yzygiderli ylgaw etmek dürli keselleriň, şol sanda süýji keseliň we rak keseliniň öňüni almaga netijeli täsir edýär. Awstraliýanyň lukmanlary sportuň bu görnüşine hepdede näçe wagt sarp etmelidigini kesgitlediler.

Hünärmenler öň geçirilen 14 sany ylmy barlagy derňediler. Lukmanlar bäş ýyl dowam eden eksperimente gatnaşmaga razy bolan 230 müň sany erkekleriň we aýallaryň saglyk ýagdaýyny seljerdiler. Ahyrynda olar şeýle netijä geldiler, ýagny irdenki ýa-da agşamky ylgawa her hepdede 50-60 minut sarp etmeklik ömrüň dowamlylygyny 27 % artdyrýar. Sportuň bu görnüşi organizmiň kabul edýän peýdasynyň hasabyna howply kesellerden hem goraýar. Köp ulgamlar işjeňleşýär, immunitet ýokarlanýar.

Bular bilen bir hatarda hünärmenler fiziki agramlygyň aralyk bolmalydygyny duýdurýarlar. Çünki ýüregiň işlemeginiň bes etmegi we aýagyň damarlarynyň diýen etmezligi ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär.

Öň, NEWS.ru gyş möwsüminde seýilgählerde ylgamagyň stressden ejir çekýän adamlar üçin peýdalydygy barada ýazypdy.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05323 sek. ýüklenen baýt: 30648