Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Hytaýdan gelen türkmen talyplary okuwlaryny internet üsti bilen dowam edip bilerler
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Hytaýdan gelen türkmen talyplary okuwlaryny internet üsti bilen dowam edip bilerler
Hytaýyň Bilim ministrligi koronawirus keseliniň ýaýramagy sebäpli, tutuş ýurt boýunça kollejleri we uniwersitetleri uzak aralykdan sapak bermek arkaly elektron okuw gurnamaklyga borçlandyrdy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

HHR-iň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan gözükdirmelere laýyklykda, okuw mekdepleri internetde bilim bermek çärelerini gurnamak üçin ýokary hilli onlaýn okuwlaryny we platformalaryny doly derejede ulanmaga borçludyrlar.

Gözükdirmede bellenilişi ýaly, onlaýn okuwlaryň klas otaglaryndaky ýaly netijeli bolmagy üçin zerur bolan ähli tagallalar edilmeli.

Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bolan türkmen talyplary hem öz okuwlaryny wideoleksiýalaryň we uzak aralykdan sapaklaryň üsti bilen dowam edip bilerler.

«Türkmentelekom» DEAK-nyň wekiliniň tassyklamagyna görä, munuň üçin tehniki mümkinçilik bar we ýurduň ähli welaýatlaryndaky, etraplaryndaky internet-kafeleri nauşnikler we web kameralar bilen üpjün edilen, internet-kafeleriň özi bolsa, gije-gündizleýin işleýär.

Şu hepdäniň başyna çenli HHR-iň 22 sany sanly bilim platformalary 24 müňden gowrak mugt onlaýn okuwlaryny açdylar. Olar öz içine bakalawrlygyň 12 ugruny we 18 hünärini alýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklarynyň elektron maglumat goruny okuw-usuly, terbiýeçilik ähmiýetli täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak, bitewi bilim toruny döretmek boýunça işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05694 sek. ýüklenen baýt: 31388