Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Lukmanlar sarymsagyň kime maslahat berilmeýändigini düşündirdiler
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM


Lukmanlar sarymsagyň kime maslahat berilmeýändigini düşündirdiler

Bilşimiz ýaly, bu önüm immun ulgamynyň gorag funksiýasyny berkidýär we ýürek-damar kesellerinde kömek edýär.

Ýöne sarymsagyň tebigy antibiotik hasaplanýandygyna we onuň köp sanly peýdaly häsiýetleriniň bardygyna garamazdan, ol hemmä maslahat berilmeýär. Bu barada “Healthystyle” neşirine salgylanmak bilen cursorinfo.co.il saýty habar berýär.

Iýmit siňdiriji organlarynda mesele bolan adamlar sarymsakdan ýüz öwürmeli. Adamyň iýmit siňdiriji ulgamy belli bir derejede duýgur bolýar, şonuň üçin gastritde, aşgazan ýarasynda we beýleki kesellerde sarymsagy iýmek maslahat berilmeýär. Onda ýagdaýy beterleşdirip biljek maddalar saklanýar.

Bu bagyr hem-de böwrek bilen bagly meseleleri bolan adamlara hem degişli. Eger-de şeýle organlarda näsazlyk bar bolsa, iň gowusy sarymsagy iýmit rasionyndan aýyrmaly. Sebäbi sarymsakda hroniki keselleriň güýçlenmegine getirýän zäherleýji elementler saklanýar.

Gipotoniýa bolan adamlara hem sarymsak iýmek bolmaýar. Eger-de siziň arterial basyşyňyz ýygy-ýygydan pese düşýän bolsa, sarymsak gadagan edilýär. Bu gök önüm gan basyşy peseltmek häsiýetine eýe, şonuň üçin ýagdaý beterleşip biler.

Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06397 sek. ýüklenen baýt: 30922