Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmen keçesi
Ýazylan wagty: 19 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmen keçesi müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinde mynasyp oruny eýeläp, il arasynda giňden ulanylyp gelinýär. Gadymy wagtlarda ata-babalarymyz näsaga ýabany tebigatyň jandarlarynyň güýç-kuwwatyny bermek üçin ony keçä ýa-da hala dolapdyrlar. Ýüňüň şeýle jadyly güýjüne ynanmak şol döwürlerden şu güne çenli saklanylyp galynypdyr. Häzirki wagtda çaga sallançagyna kilim keçe ýa-da haly düşemek dowam edip gelýär. Gadymy ynanja görä keçe bela-beterleri, erbet garaýyşlary özüne siňdirýär, gözden-dilden goraýar. 
Halkyň ruhy dünýäsinde ak reňkli keçe aýratyn tapawutlanypdyr. Adatça ol maşgalanyň ýaşulysy-nesilbaşysy üçin düşekçe hökmünde ýörüte basylýar. Gadymy ynançlara görä ak keçe maşgala-ojaklara bagtyýarlyk, agzybirlik we rowaçlyk getirýär. 
Oguz dessurlaryna görä, hökümdarlara ak keçäniň üstünde häkimlik täjini geýdiripdirler. Şa bedewine ak keçeden köýnekçe tikip geýdiripdirler. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde özüniň dessur ähmiýetini ak reňkli ýüňden namazlyk hökmünde taýýarlanylýan keçä beripdir. Şeýle arzyly düşek “Pygamber keçe” diýilip atlandyrylýar. Pygamber ýaş toýunda ýaşulylary ak keçäniň üstünde hormat bilen oturdyp “bizede nesip etsin” diýip ýüzüne sylýarlar.
Munuň özü türkmen durmuşynda keçäniň örän uly ähmiýetiniň bardygy, häzirki wagtda bu keçeleriň döwrebap kämil derejä ýetirilendigini subut edýär. 

Okalan sany: 533   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06815 sek. ýüklenen baýt: 30439