Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Edebiýat agşamynda
Ýazylan wagty: 19 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan kitaby söýüjileriň, mekdep okuwçylarynyň  arasynda baý many-mazmunly çäreler guralýar.  Ata Watanymyzyň medeniýetini-sungatyny beýgelden, ylaýta-da türkmen edebiýatynda yz galdyran  görnükli şahsyýetleriň ömür-döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamlary we döredijilik duşuşyklary bu babatda aýratyn bellärliklidir. Ýakynda Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdepde geçirilen edebiýat agşamy şeýle çäreleriň biri boldy. Oňa mekdep mugallymlary we ýokary synplaryň okuwçylary gatnaşdy. 
Türkmen edebiýatynyň meşhur wekilleriniň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň ömür-döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamyna gatnaşyjylar, ilki bilen, göçme kitap sergisi bilen tanyşdylar. Sergide syýasy-jemgyýetçilik kitaplar bilen birlikde, nusgawy edebiýatyň wekilleriniň, häzirki döwrümiziň tanymal ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary görkezildi. Şahyr Gara Seýitliýewiň kitaplary we onuň ömür-döredijiligini açyp görkezýän usuly-gollanmalar  sergä gyzyklanmany has-da artdyrdy. 
Mekdep kitaphanasynda geçirilen edebiýat agşamy aýratyn täsirleri döretdi. Onuň barşynda ömrüni türkmen edebiýatyna  bagyş eden zehinli şahyryň ömür we döredijilik ýoly hakynda söhbet açyldy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri ýaşlara şahyryň döreden eserleri, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada gyzykly gürrüň berdiler, onuň kitaplaryndan goşgulary okadylar we goşgy ýazylyş we tematiki aýratynlyklary hakda durup geçdiler. 

Okalan sany: 324   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07932 sek. ýüklenen baýt: 30317