Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Adamyň sagdynlygy üçin gerekli witaminler
Ýazylan wagty: 09 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Adamyň sagdynlygy üçin gerekli witaminler

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajyp zerurlyk bolup hyzmat edýär. 

Tomsuna ýetişýän miwelerden we gök önümlerden ine gana peýdalanmak zerur bolan witaminleriň bedenimize aralaşmagyny ýola goýýar. Eýsem bu möwsümde ýetişýän haýsy ir-iýmişiň nähili peýdasy bar?

GARPYZ: Böwrekdäki çägäni we daşlary eredýär, iýmiti siňdiriş ulgamyny düzgünleşdirýär. Onuň düzümi kaliý duzuna baýlygy üçin ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara has peýdaly.

KÄDI: Çagalaryň süňkleriniň dogry ösmegine peýdalydyr. Böwregiň gowy işlemegine oňaýly täsir edýär. Iýmit siňdirişi gowulandyrýar, garyn çişmesiniň öňüni alýar.

KELEM: S witaminine we kaliý duzuna örän baý önüm. Ol adamyň dürli kesellere garşydurujylyk ukybyny güýçlendirýär. Onuň düzüminde kaliý duzunyň köp bolmagy bedendäki artykmaç suwuklygyň bölünip çykmagyna ýardam edýär, ýürek myşsasynyň işini kadalaşdyrýar.

GAWUN: Içegeleriň kadaly işlemegine, gözüň saglygyna, rahatlyga we ukusyzlyga peýdasy bar. Alymlaryň geçiren ylmy barlaglaryna görä gawun içegede we deride döwnük keseliniň çişleriniň döremeginiň öňüni alýar.

KÄŞIR: Saçyň düşmesini azaldýar we saçyň düýbüni berkidýär, süňkleriň gowşamagynyň öňüni alýar. Ol nerw we gan damarlarynyň işleýşini sazlaşdyrýar. Käşiriň düzümi witaminlere baý bolansoň ony ýaş çagalara köpüräk iýdirmek maslahat berilýär.

ÜZÜM: Iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdaly. Onuň düzüminde ýigrimden gowrak antiokislendirihi madda bar. Ol böwrekleriň işjeňligini ýokarlandyrýar, bagry arassalaýar. Gara üzüm bedendäki käbir öýjükleri täzeleýär. Gan basyşy kadaly bolmadyk adamlara has oňaýly täsir edýär.

ÜLJE: Dişiň çüýremesiniň öňüni alýar. Bedendäki suw aýlanşygyny düzgünleşdirýär, myşsa agyrylaryny aýyrmaga peýdalydyr.

BEÝI: Aşgazanda iýmitiň aňsat siňmegine kömek edýär, bedendäki demir ýetmezçiligini kadalaşdyrýar.

MEKGEJÖWEN: Damar çekmesiniň öňüni alýar we damarlarda gan aýlanşygyny düzgünleşdirýär, böwregiň kadaly işlemegine peýda berýär.

ceshme:vk.com/Adam bedeni we saglyk
Okalan sany: 3271   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07490 sek. ýüklenen baýt: 32446