Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Men seni söýýän.....
Ýazylan wagty: 03 января 2013 Ýazan Marala
Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna, 
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan. 
Iller näme diýse diýibersinler, 
Meniňki şol bir söz: 
- Men seni söýýän. 

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi, 
Hersi bolup biler bu juwanlykda. 
Kimmişin ol meni söýeňok diýip, 
Seni aýyplajak biwepalykda. 

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger, 
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan. 
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap, 
Meniňki şol bir söz: 
- Men seni söýýän. 

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz, 
Menem gara gijä tutup ýüzümi. 
Duýdurman öňüňden çykaryn birden 
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi. 

Meni söýseň iki ýürek birleşip, 
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan 
Eger-de söýmeseň… 
Söýmeseň söýme. 
Meniňki şol bir söz:
                    




Okalan sany: 2417   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07709 sek. ýüklenen baýt: 29800