Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Welosiped ýaryşy
Ýazylan wagty: 09 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Welosiped ýaryşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp zamanamyzda türkmen sporty ösüşiň täze belentliklerine göterildi. Soňky ýyllarda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportuny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Welosiped sporty saglygyňy berkitmekde we bedeni taplamakda oňyn ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şundan ugur almak bilen Mary welaýatynda hem yzygiderli welosiped ýaryşlary geçirilip durulýar. Ýakynda welaýatyň Baýramaly etrabynda welosiped sporty boýunça welaýatyň tälimçileriniň arasynda ýaryş geçirildi. Bu ýaryş oňa gatnaşyjylarda egsilmez şähdiaçyklyk, şadyýanlyk duýgularyny paýlady hem-de olaryň kämilleşmegine özara tejribe alyşmagyna ýardam etdi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň, talyp ýaşlarynyň, ezber türgenleriniň geçirýän şeýle welosipedli ýörişleridir ýaryşlary Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän halkymyzyň saglygyny berkitmekdäki aladalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezmesidir. 

Okalan sany: 394   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05948 sek. ýüklenen baýt: 29714