Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
☾_Aý problemasy_☾
Ýazylan wagty: 10 ноября 2013 Ýazan Marala
☾_Aý problemasy_☾

Gitdigiçe ýakynlasyp gelýär Aý.
Özem göni törümize gelýär Aý.
Bilýärsiñiz ahyr ähli şahyrlar,
Aýy öz ýaryna edipdirler taý.

Şoñ astynda duşupdyrlar ýaryna,
Aý ýüzli marallar geýip keteni.
Indi görsek, Aý diýilýän «perizat»
Söýmedikleñ ýüregi dek sop-sowuk,
Ýürek gysdyryjy boşluk ekeni.

Eger walla, ynanasyñ gelenok!
Aý şeýle bor diýip kim etdi hetdi.
Ine, saña ylmyñ progressiwligi
Aý hakdaky pikirimizi üýtgetdi.

Ine, saña gözelleriñ taýy Aý!
Indi nädip ony gyza deñejek?!
Biz-ä keýpden çykdyk gyza deñäpler,
Senem günüñ gör-dä, gyzyl enejik!

«Bolçulyk deñizi» gara daşa baý,
Aslynda, daş onuñ belendi-pesi.
Gijesine sowugyna çydalmaz,
Gündizine şonça gradus yssy.

Men oýa batýaryn,
Gama batýaryn,
Ýok pikirler çözýär üstüme onsoñ.
Eý, sen meniñ Aýa deñäp gelenim,
Senem şeýlemikän ýakyna gelsen?


Okalan sany: 336   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06696 sek. ýüklenen baýt: 30119