Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň işlerine nägilelik bildirdi
Ýazylan wagty: 24 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň işlerine nägilelik bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly  23-nji martda geçiren iş maslahatynyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňläp, milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy hasaplanylýan obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany pudagyň bar bolan ähli kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu günler ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça işleriň degişli derejede ýola goýulmaýandygyny belledi.

Milletiň Lideri bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine zyýan berijileriň, haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alyş çäreleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň depgininiň pesdigini, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamakda birnäçe säwliklere ýol berilýändigini aýtdy. Umuman, obasenagat toplumyndaky işler degişli derejede alnyp barylmaýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, meýdan işlerini geçirmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, degişli gulluklaryň we düzümleriň özara sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06203 sek. ýüklenen baýt: 30569