Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Reklama
Alyp baryjy, şoumen Azat Ataýew: «Bu işde özüňe ynanmaly, çekinjeňlikden daşda durmaly»
Ýazylan wagty: 24 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Alyp baryjy, şoumen Azat Ataýew: «Bu işde özüňe ynanmaly, çekinjeňlikden daşda durmaly»

Paýtagtly alyp baryjy şoumen Azat Ataýewi, belki, köpiňiz tanaýan bolsaňyz gerek. «Turkmenportalyň» habarçylary onuň bilen paýtagtdaky dabaralaryň birinden wideoreportaž taýýarlanýan mahalynda tanyşdy. Dabarany alyp barýan Azat onuň şowhunly geçmeginde uly tagalla edýärdi. Biz zehinli alyp baryjy ýigide käbir sowallar bilen ýüzlendik:

- Azat, näçe ýyl bäri alyp baryjylyk bilen meşgullanýarsyň?

- 9 ýyl çemesi wagt bäri.

- Biz sizi toýlarda-da, banketlerde-de görýäris. Bularyň haýsyny alyp barmak ýeňil?

- Elbetde, toýlary.

- Her bir toýa ýa-da bankede öňünden taýýarlanýarsyňyzmy?

- Hawa, taýýarlyk, etjek işleriň, gurnajak bäsleşik barada meýilnama düzmek esasy zat.

- Alyp baryjylykda ýetmek isleýän derejäňiz?

- Halkara dereje.

- Bilşimiz ýaly, siz ene diliňizden başgada islendik çäräni rus dilinde, iňlis dilinde, turk dilinde alyp barýaňyz. Eýsem, bu dilleri nireden öwrendiňiz we munça dili bilmek size kyn dälmi?

- Mekdebe gatnap başlanymdan, men dil öwrenmäge aýratyn üns berdim. Aslynda, dil öwrenmek maňa has ýeňil düşýärdi. Käbir synpdaşlarym matematikany, käbiri fizikany gowy görýädi. Men bolsa dil öwrenmäge has köp üns berdim. 

- Bilşimiz ýaly, siz alyp baryjy, şoumen. Mundan başga-da paýtagtymyzyň teatrlaryna sahna oýunlary üçin ssenariýa ýazyp, şol sahnalaryň käbirinde çykyş hem edýärsiňiz. Bu aýratynlyklar nireden döredi?

- Aslynda, kakam artist. Kakam ― Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň artisti Atamyrat Ataýew. Belki şondandyr, yöne sungaty gaty gowy görýärin. Ömrümi sungata bagyşlasym gelýär. 

- Özüňizi  has hem kämilleşdirmek bilen bagly alyp barýan işleriňiz?

- Şu wagt bar ünsümi howluda geçirilýän toýlaryna berýärin. Howluda tutulýan toýlaryň has-da şowhunyny artdyryp, şou görnüşde geçirmegi maksat edinýäris. Eýýäm käbir işlere başladyk diýsegem boljak. 

- Ussat alyp baryjy, şoumen, artist, ssenarist hökmunde ýaşlara näme maslahat berersiňiz?

- Özüňe ynanmaly! Käriňe yhlas bilen ýapyşmaly. Her toýdan soň özüňe baha berip, özüňi has da kämilleşdirmeli we çekinmeli däl.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07491 sek. ýüklenen baýt: 33713