Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
UFC-niň prezidenti Habib bilen Fergýusonyň göreşiniň Aýda bolsa-da geçiriljekdigini aýtdy
Ýazylan wagty: 24 марта 2020 Ýazan NEXTTM
UFC-niň prezidenti Habib bilen Fergýusonyň göreşiniň Aýda bolsa-da geçiriljekdigini aýtdy
Koronawirus epidemiýasy zerarly dörän bulam-bujarlygyň çäklerinde UFC-niň prezidenti Dana Uaýt diňe bir optimizmligi däl-de, eýsem, degişgenligini hem saklaýar.
 “Hemmäňiz taýýar boluň!” diýip, guramanyň ýolbaşçysy Instagramda UFC 249: Habib - Fergýuson turniriniň improwizirlenen “Aý” posterini neşir etmek bilen ýazýar. 
 TSN-e beren interwýusynda UFC-niň prezidenti indiki çäräniň we onuň esasy wakasynyň, ýagny ýeňil agram boýunça Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky titul göreşiň 18-nji aprelde geçirilmegi üçin ähli mümkin bolan zatlary edýändigini mälim edýär, bu barada fighttime.ru habar berýär.
 “Eger-de siz janköýer ýa-da HBS-niň wekili bolsaňyz, onda siz şübhelenmäni bes etmeli. Las-Wegasda kazino ýapyldy, men hiç haçan şular ýaly zady görerin diýip pikir etmeýärdim. Ýöne Habib bilen Toniniň göreşi geçiriler. Ähli zat hemme zadyň çalt kada gelmegi bilen baglanyşykly” – diýip, Dana belleýär.
 Häzirki wagtda UFC indiki turniriň geçirilmegi üçin täze meýdançany gözleýär, ýöne gurama geçen hepdede başa-baş göreşe ygtyýarnama bermegi saklan Newada ştatynyň Atletik komissiýasy 25-nji marta meýilleşdirilen nobatdaky mejlise ýygnanyşýança gutarnykly çözgüt kabul etmese gerek.
 “Meniň Las-Wegasda hususy arenam we ähli gerek zatlarym bar. Mende çäräni geçirmek üçin zerur bolan zatlaryň ählisi bar. Ýöne meniň häzir elimden gelýän zat az, şonuň üçin diňe garaşmak gerek”.
 Öň, Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap Nurmagomedow UFC 249 turniriniň Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmeginiň mümkindigini habar berdi, ýöne guramanyň wekilleri heniz bu informasiýany teswirlemediler.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06008 sek. ýüklenen baýt: 31018