Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Agzybirlikde saglyk gazanalyň! 
Ýazylan wagty: 25 марта 2020 Ýazan NEXTTM

“Saglyk gadyrny biliň, Hassa bolmazdan burun” akyldar şahyr şujagaz setiriň üstünde gör nämeleri diýmek isläpdir. Aslynda Saglyk adamynyň iň gymmatly baýlygydyr. Dogry iýmitlenmek, hereket, ýokanç kessellerden goranmak, ruhy  belentlik, arassaçylyk saglygyň sakasydyr.  Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynda  dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti dogrusynda giňden aýdylyp geçilýär. Alym Arkadagymyzyň tebigy zehininden süzlüp çykan bu kitaplary bu günki gün dünýä ýüzinde , lukmançylyk ylmynda giňden peýdalanylýar. Şol kitapda hemmämize tanyş bolan Ýüzärlik ösimligi barsynda hem maglumat berilýär. Türkmen agasy toý toýlasa, täze gelni ýüzärlik tüssesi bilen garşylaýar. Göräýmäne ýönekeýje adata-öwrülen türkmeniň edim gylymlarynyň aňarsynda nähili syrlaryň barlygyny bu günki gün ylymyň kämil derejesi açyk-aýdyň görkezýär. Ýüzärligiň akjymak tüssesi köpçilik ýerlerinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar. Ýüzärligiň dänesi suw bilen içilse, içgeçmä haýyr eder. Ýüzärlik gaýnadylan suwa suwjymak ýaralar ýuwylsa haýyr eder. Her kimiň derdiniň dermany topragyndamyş. Hawwa ýüzärlikden başgada birnäçe dermanlyk ösümlikler türkmen topragynda ýetişýär. Häzirki döwirde ýiti sowuklamadan dümewde, howa arkaly ýaýraýan kesellerden goranmak maksady bilen sarymsak ösümligindenem peýdalanylýar. Ene-mamalarymyz ýaňy bolan çaganyň sallançagyndan sarymsagy sapaga düzip asyp goýýarlar. Sarymsak ýeri gelende howa arkaly geçýän kesellerden goraýjy häsýetli ösümlikdir. Şonuň üçinem öýlerňize ýüzärlik otyny ýygy-ýygydan tüsseledip, sarymsak asyp goýmaklygy maslahat berýäris. Mundan başgada ýokanç kesellerden goranmak üçin arassaçylyk möhim zatlaryň biri. Güniň dowamynda ýygy-ýygydan ellerňizi sabyn bilen ýuwyň. Muny çagalarňyzada öwrediň. Arassaçylyk sargyda, ýada ýörite maksatly amala aşyrylman siziň her biriňiziň endigiňiz bolmaly. Şonuň bilen bir hatarda aşa köp iýmekden, juda duzly we agyr naharlardan saklanyň. Witaminlere baý bolan gök we bakja önimlerni iýmäni endik ediniň.  Akistit melheminden peýdalanyň. Şu günki günlerde ýurdymyzyň ähli ýerlerinde saglygy gorap saklamak maksady bilen , ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Edara-kärhanalarda, çagalar bagynda, adamlaryň köpçilik ýerlerinde ýüzärlik tütedilip adamlaryň aladasy edilýar. Hawwa sunça çekilýän zähmet adamlaryň saglygyny gazanmaklyk üçin amala aşyrylýar. Akyldar danananyň şeýle bir setri bar “Her kim öz-özi üçin lukmandyr.” Yna şu jümleden ugyr alyp biziň her birimiz özümiziň we maşgalamyzyň saglygynyň aladasynda berk durmaly. Öýler birigip obany, obalar birigip şäherleri, şäherler birigip bir döwleti emele getirýär. Hut şonuň üçinem edilýän talaplar biziň her birimiziň öýmüzden başlanmaly. Allanyň eradasy bilen aýlanýan zeminde bagtyýar durmuşdan paýly bolup, saglykdan serpaýly boluň! 
Halkyň aladasynda ägirt işleri amala aşyrýan Lukman Arkadagymyzyň, jany sag başy dik bolsun. Il ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde şowlulyklar ýar bolsun. 

Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06855 sek. ýüklenen baýt: 31914