Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Yazjak
Ýazylan wagty: 10 ноября 2013 Ýazan Betman

Aglasamam ýazjak, gülsemem ýazjak!
Ýene 5 minutdan ölsemem ýazjak!
Manysyzam bolsa ýazan setirlem,
Ony ne gysgaltjak, ne-de bir pozjak!

Dökjek gözýaşymy kagyz ýüzüne,
Ö:l kagyzda gezmeletjek galamy.
Saýgarjak däl sözleñ ýagşy-ýamanyn,
Paýyrdadyberjek dile geleni.

Galam kütelipdir. Kütelibersin!
Ýazmagyma bolup bilmez ol böwet.
Ýazjak, ýazanlarma goşgy diýjek däl,
Olarda ne many, ne-de bar öwüt.

Syrymy şu bölek kagyza aýtjak,
Diñe şu düşünýär ýürek ahyma.
Maña iñ kyn günde hemaýat bolup,
Edenok şertini ''şertim şahyma!''

Bozjak poeziýañ polat kanunyn,
Ýürek kanunyma boýn egip gezjek.
Okalmasyn, okalmagy zerur däl,
Diñe ýürejigmi kagyza ýazjak!


Okalan sany: 416   Jogaplar: ( 1 )

shutnick
11 ноября 2013

yaz yaz yen-de yaz, yone peydalyja yaz, sag bol awtorgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10121 sek. ýüklenen baýt: 34360