Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Täze Taslama Durmuşa geçirildi
Ýazylan wagty: 10 ноября 2013 Ýazan Betman

Gur­ban baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mu­kad­des Mek­ge şä­he­rin­de Ara­fat-Mi­na-Müz­de­li­fe ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly ýo­ly hyz­ma­ta hö­dür­len­di. Ot­ly sa­gat­da 500 müň ýo­lag­çy­ny gat­nat­ma­ga ni­ýet­le­ni­p­dir. Bu ulag esa­san hem zy­ýa­rata ba­ran mil­li­on­lar­ça ada­myň gat­na­dyl­ma­gyn­da peý­da­la­ny­lar. 6 mil­liard 750 mil­li­on ri­ýal pul se­riş­de­si sarp edi­len bu ýol zy­ýa­rat­çy­la­ryň gys­ga wagt­da Ara­fa­ta bar­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär. Bu ugur­da je­mi 20 ot­ly he­re­ket ed­ýär. Olaryň biri 3 müň 600 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nip­dir. Her ýyl däp bo­lup gel­şi ýa­ly, Gur­ban baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da Kä­bä­niň da­şyn­da­ky or­tük tä­ze­len­di. 

Tä­ze do­ka­lan we na­gyş­la­nan ör­tük Ben-i Şeý­be maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry­na gow­şu­ryl­ýar. Ony Gur­ban baý­ra­myn­dan bir gün öň Kä­bä­dä­ki iş­gär­ler zem­zem su­wy bi­len ýu­wu­lan­dan soň­ra Kä­bä ör­t­ýär. Ben-i Şeý­be maş­ga­la­sy XV asyr­dan bä­ri Kä­bä­niň go­ral­ma­gy, aras­sa sak­lan­ma­gy, ga­py­sy­nyň açy­lyp–ýa­pyl­ma­gy ýa­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Kis­we at­landyrylýan ör­tük üçin 20 mil­li­on ri­ýal harç­lan­dy. Ol ýü­pek ma­ta­nyň sap al­tyn ça­ýy­lan ýüp­lük­le­ri bi­len na­gyş­la­nyp taý­ýar­lan­ýar. Onuň üçin 120 ki­log­ram sap al­tyn ula­nyl­dy. Ör­tü­giň ýü­zün­de Gur­ha­nyň 16 aýa­ty ýa­zy­lyp­dyr. 

Uzynlygy 14 met­re, ini 45 met­r ör­tük je­mi 16 bö­lek­den yba­rat­. Ol Kä­bä­niň daş-tö­we­re­gi­ni do­lu­ly­gy­na ýap­ýar. Öň­ki ör­tük go­ra­lyp sak­lan­mak üçin mu­zeý­de go­ýul­dy. Şeý­le hem öň­ki ör­tük­ler da­şa­ry ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na, hor­mat­la­nyl­ýan adam­la­ry­na, şeý­le hem gu­ra­ma­la­ra gow­şu­ryl­ýar. Onuň bir bö­le­gi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na hem sow­gat edi­lip­dir. Ol hä­zir­ki wagt­da gu­ra­ma­nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň gar­şy­lan­ýan za­lyn­da gör­ke­zil­ýär. Kä­bä­niň da­şyn­da­ky ör­tük her ýyl çal­şyl­ýar. Em­ma için­dä­ki ör­tük­ler ýag­da­ýa gö­rä, 10 ýyl­dan bir ge­zek täzelenýär.Ta­ry­hy mu­zeýMek­ge­de zy­ýa­rat­çy­la­ryň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri hem “Ka­be-i Mu­az­za­ma” mu­ze­ýi­dir. Bu ýer­dä­ki gym­mat­ly eks­po­nat­lar myh­man­la­ryň ün­sü­ni özüne çek­ýär. 

Kä­be­de Os­man­ly­lar döw­rün­de ula­ny­lan agaç mün­be­ri, “Ha­je­rul Es­we­diň” (ga­ra daş) mis­den ýa­sa­lan go­rag ga­by, Mem­luk (Mü­sür) sol­ta­ny Ber­kok döw­rün­den ga­lan da­şyň ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­lar, Kä­bä­niň ozalky ga­py­la­ry ýa­ly gym­mat–ba­ha­ly eks­po­nat­lar bar.Zem­zem gu­ýu­sy­nyň tö­we­re­gin­dä­ki de­mir go­rag­lar hem zy­ýa­rat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.Kä­be­de Os­man­ly döw­rün­den ga­lan Gün sa­ga­dy, mi­na­ra we güm­mez­le­riň üs­tü­ne ýer­leş­di­ri­len ýa­rym Aý şe­kil­le­ri, şeý­le hem Kä­bä­niň dür­li dö­wür­ler­de dü­şü­ri­len su­rat­la­ry mu­zeý­de goý­lup­dyr. Bu ýer­de mun­dan 120 ýyl ozal, dü­şü­ri­len su­rat­lar hem bar.
Okalan sany: 655   Jogaplar: ( 1 )

shutnick
11 ноября 2013

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06850 sek. ýüklenen baýt: 33881