Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýeňil atletikaçylar ýaryşdylar
Ýazylan wagty: 27 марта 2020 Ýazan NEXTTM

Türkmenabat şäheriniň 11-nji sport mekdebinde  mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi.
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä şäheriň   8, 11, 13, 14, 18, 32, 30, 39-njy mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Ýaryşda gyzlar topary 60 metre ylgamak bilen uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metre ylgamak, 4×100 metr aralygyna estafeta we uzynlygyna bökmek boýunça güýç synanyşdylar. Bäsleşigiň netijesinde umumy hasap boýunça 39-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji, 11-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 18-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan degişli diplomlar gowşuryldy.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06836 sek. ýüklenen baýt: 29483