Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Saglyk-iň uly baýlykdyr
Ýazylan wagty: 28 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan ýürdumyzda raýatlaryň sagdyn bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi. “Il saglygy-ýurt baýlygy” diýen ýörelgeden ugur alnyp ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary bejermek yzygiderli alnyp barylýar. 
Durmuşda ynsana degip bilýän islendik keseliň öňüni almagyň möhüm ugurlaryň biri şahsy arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmekdir. Şahsy arassaçylyk talaplary berjaý edilende her hili göze görünmeýän kesel dörediji mikroblardan, ýokançlardan saplanmak bolýar.  
Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we bejermek adamzadyň asyrlar boýy arzuwlap gelen iň ýokary derejeli islegidir. 
Adam öz ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Dem almak üçin arassa howa, suw, ýagtylyk, iýmit adamyň we beýleki janly- jandarlaryň tebigat tarapyndan berlen peşgeşidir. Şu nukdaý nazardan çemeleşeniňde, türkmen tebigaty dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Şolaryň biri hem üzärlikdir. Üzärlik halk lukmançylygynda ýüzlerçe keseli bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Halkymyz üzärligi derman-lyk we boýag ösümligi höknünde peýdalanyp gelipdir. Ata-babalarymyz üzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň tüssesi ýylyň belli bir wagtynda döreýän ýokanç keselleriň birnäçe görnüşiniň öňüni alýar, adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýär. Üzärlik dürli kesellerde melhemdigi üçin onuň bir dessesini gaýnadyp, sowadyp, mylaýym suwa düşmek arkaly deri kesellerinden saplanypdyrlar. Häzirki döwürde şeýle lukmançylyk hyzmat Diýarymyzdaky ähli şypahanalarymyzda bedeni rahatlandyryjy, keselden goraýjylyk ulgamyny berkidiji hökmünde giňden ulanylýar.  Türkmenistanda lukmançylyk nyşanyna üzärligiň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. 
Ýurdumyzyň mekdeplerinde, çagalar baglarynda, edera-kärhanala-rynda arassaçylyk düzgünleri berk berjaý edilýär. Şonuň netijesinde raýatlarymyz sagdyn durmuşda ýaşaýarlar. Sporta we bedenterbiýä uly üns berilýär. Bu ýagdaý adamlaryň sagdyn, berk bedenli bolmagyna uly täsir edýär. 
Häzir dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýran koronawirus (ýiti öýken sowuklamasy) keseli biziň ýurdumyzda ýokdur. Sebäbi biziň ýurdumyzyň saglyk binýady berkdir, keseliň öňüni alyş çäreleri wagtynda yzygiderli geçirilýär. Adamlaryň bagtyýar, sagdyn we rahat durmuşda ýaşamagy Watanymyzyň baş maksadydyr.

Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05496 sek. ýüklenen baýt: 31871