Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ABŞ-nyň ilçihanasy 28-nji martda amerikan raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitmek çäresini gurnar
Ýazylan wagty: 28 марта 2020 Ýazan NEXTTM
ABŞ-nyň ilçihanasy 28-nji martda amerikan raýatlaryny Türkmenistandan alyp gitmek çäresini gurnar
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistandaky amerikan raýatlaryna gysga wagtda öz watanyna dolanmagy maslahat berýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji martda Türkmenistandan ABŞ-a çarter uçuşyny guramagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Watanyna dolanmak isleýän amerikan raýatlarynyň gyssagly ýagdaýda AshgabatUSCitizen@state.gov elektron salgysy boýunça habarlaşmagy soraldy. Şeýle hem raýatlar şol salgy boýunça soralýan resminamalary ugratmaly.

Biz ozal 28-nji martda Türkmenabatdan Moskwa hem çarter uçuşynyň amala aşyryljakdygyny habar beripdik.

Türkmenistan öz raýatlaryny hem daşary ýurtlardan, esasan-da, koronawirus epidemiýasynyň ýaýran ýurtlaryndan getirmek boýunça işleri dowam etdirýär. Ýurdumyza getirilýän raýatlarymyzyň arasynda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okaýan talyplar hem bar. Türkmen raýatlaryny Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirmek üçin ýörite uçuşlar guraldy. Häzirki wagtda degişli edaralar tarpyndan uçuşlaryň täze ugurlary hem işlenip düzülýär.
Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06745 sek. ýüklenen baýt: 30449