Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Konor Makgregor lukmanlar üçin 1 mln ýewrolyk gorag serişdelerini satyn alar
Ýazylan wagty: 28 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Konor Makgregor lukmanlar üçin 1 mln ýewrolyk gorag serişdelerini satyn alar
MMA-nyň irlandiýaly göreşijisi Konor Makgregor çarşenbe güni Irlandiýada COVID-19 koronawirusy bilen kesellän näsaglar bilen işleşýän lukmanlar we medisina işgärleri üçin gorag serişdelerini satyn almaga 1 mln ýewro sarp etjekdigini aýtdy, bu barada Trend Interfaksa salgylanmak bilen habar berýär.
 Makgregor Irlandiýanyň maliýe ministri Paskal Donohýuwa habar berdi. Onuň ministr bilen ýazyşan hatlarynyň ekran suratlary göreşijiniň twitterinde neşir edildi. Makgregor bu serişdeleri beýlekilere garanda has köp ejir çeken Lenster welaýatynyň hassahanalaryna berjekdigine söz berdi.
 “Şu gün men Lensteriň çäklerindäki ähli hassahanalarda ýerleşdirmek üçin 1 mln ýewro indiwidual gorag serişdelerini satyn alaryn” – diýip Makgregor ýazýar.
 Öň, Makgregor irlandiýalylary karantin we islendik aragatnaşykdan daşda durmak meselesine çynlakaý çemeleşmäge çagyrýan wideoýüzlenmesini neşir etdi. Ol Irlandiýanyň hökümetini wirusyň güýçli baryp ýeten ýurtlaryndaky ýaly berk çäreleri kabul etmäge çagyrdy. Konor Donohýuwa aeroportlardaky çäreleri hem berkidip, gurluşygy ýapmagy sorap ýüz tutdy.
 Irlandiýada häzir 1,3 müň adam bu kesel bilen kesellän, ýedi adam bolsa ýogalan.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06442 sek. ýüklenen baýt: 30392