Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Azatkyk Radiosy” ýokanç keseller barada boş gürrüňleri gaýtadan toslamaga başlady 
Ýazylan wagty: 30 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Dünýäde howply diýlip hasap edilýän wirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly çykyş edýän bilermenleriň pikirine görä, adamyň ýaşaýyş durmuşynyň dowamynda dürli ýokanç keseller bilen ýüzbe-ýüz bolýan pursady dine bir şu gün  bolmandyr. Ýokanç wirusly keseller baradaky habarlaryň ýaýradylmagy “kimdir birleri” tarapyndan syýasat ýa-da ykdysadyýet nukdaý nazaryndan gurnalýan oýun bolsa, beýlekiler üçin güýmenje ýa-da güzeranyň çeşmesi bolup durýar. 
Türkmenistanyň çäginde ýokanç keseli öz ýanyndan bir eýýäm “ýaýradyp” ýören “Azatlyk Radiosy” onuň ýurduň çäginde ýokdugyna göz ýetiren hem bolsa, dürli emelli toslama gürrüňler arkaly ýurda “getirmäge” synanyşygyny dowam etdirýär. 
Ýadyňyzda bolsa, agzalýan koronawirusyň ýaýran ýurdy bolan Eýranyň ýurdumyzyň Balkan welaýaty bilen suw we guryýer arkaly serhetleşýändigini bahanalap, “Azatlyk Radiosy” geçen sapar bu welaýatyň Etrek etrabynda agzalýan wirusyň ýüze çykarylandygy barada toslama gürrüňleri çap edipdi. Elbet-de, şol wagt muňa gulak gabardan tapylmandy. Türkmenistanda bolup geçýän wakalardan hem-de türkmenleriň gündelik ýaşaýyş-durmuşyndan bihabar, dürli “çeşmeler” diýip öz ýanlaryndan howaýy gybatçylary ýaradyp, olardan gowşan maglumat hökmünde ýaýratmakçy bolýan boş gürrüňleri üçin olary bir eýýäm “piliň gulagynda uklap galanlar” diýilýänleriň hataryna goşasym gelýär. 
“Azatlygyň” nobatdaky toslamasyna görä, ýokanç kesel indem Türkmenistana günbatar goňşy döwlet bolan Azerbaýjandan gelen 10 sany türkmen raýatynyň üsti bilen getirilipdir. Gyzykly ýeri, “Azatlyk Radiosy” indiki sanlarynda näme oýlap taparka?! Onuň ssenariýa düzüjileri lejini çykan boş gürrüňleri ýaýratmakdan başga etmäge iş tapmaýan bolsalar, onda olaryň ýa göreçleri kütelişip, gulaklary agyrlaşan bolmaly ýa-da gün-güzeranlary hakykatdan hem kynlaşan bolmaly. Ýene-de bir ýagdaý, “Azatlygyň” habarçysumaklarynyň “baý fantaziýalarynda” dowamly ýitileşme ýagdaýynyň emele gelen bolmagy hem ahmal. Ýalan-ýaşyryk gürrüňleriň ýaýlasy giň bolsa-da, onuň örüsi ýaýrap gitmeýär. Çynaberimsiz we esassyz maglumatlary bilen adamlaryň  wagtyny almagy başarýan, emma dereksiz işleriniň netijesiniň bolmajakdygyna düşünmezlige çalyşýan “ýurt gaçakçylaryna” bolsa şeýle ýüzlenesim gelýär:

Boş gürrüňleň auksionyn
Geçir. Ýitme “Azatlyk”!
Ýalan söze geýdir dony
Bazar gytmy “Azatlyk”?!

Okalan sany: 170   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05332 sek. ýüklenen baýt: 32167