Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Lukmanlar böwrekdäki daşyň ulalmagyny güýçlendirip bilýän önümleri aýtdylar
Ýazylan wagty: 30 марта 2020 Ýazan NEXTTM
 
Lukmanlar böwrekdäki daşyň ulalmagyny güýçlendirip bilýän önümleri aýtdylar
Melamine baý bolan süýt önümleri we çaga garyndylary böwrek ýetmezçiligine getirýär.
 Çagalygyndan başlap adamlara süýdüň we süýt önümleriniň peýdasy barada nygtaýarlar: olar organizmiň öz wezipesini kadaly ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan kaliý, belok we fosfor ýaly maddalara baý. Ýöne, köp – bu hemişe gowy däl we kähalatlarda süýt önümleri organizm üçin zyýan hem bolup bilýär. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.
 Lukmanlar supermarketlerdäki we dükanlardaky süýtde köp sanly melaminiň saklanýandygyny belleýärler. Bu maddanyň uly toplumy ene süýdüniň ornuny tutýan iýmitler üçin çaga garyndylarynda hem duş gelýär. Gowşak zäherleýji maddany süýtde tapmak kyn, onuň kömegi bilen öndürijiler düzümdäki belogyň mukdaryny ýokarlandyrýarlar. Lukmanlar melaminli süýt önümleriň ähli ýaşdaky adamlarda böwrekde daşyň ulalmagyny güýçlendirýändigini belleýärler.
 Netijede, böwrek ýetmezçiligi artýar we wagtyň geçmegi bilen adam maýyp bolýar. Şeýle süýdüň yzygider kabul edilmegi fosforyň we kaliýniň derejesini ýokarlandyrýar, böwregiň işini bozýar we süňki döwlegen edýär.
 Şeýle-de fosfatyň uly mukdaryny saklaýan kefir we beýleki turşy süýt önümlerine-de kän ýykgyn etmeli däl. Howpy peseltmek üçin süýt önümlerini öndürijileriň göni özünden, fermer bazarlaryndan satyn almaly.
 Lukmanlar süýdi çaýa goşmak bilen adamlaryň kalsiý bilen tanini garýandygyny habar berýärler. Emele gelen birleşme ýürek klapanlaryny ýapýar we böwrekde daşyň emele gelmegini güýçlendirýär. Böwrekleri sagdyn saklamak we şol bir wagtda kalsiý ýetmezçiligini gazanmazlyk üçin süýdi we süýt önümlerini hepdede 3 gezekden köp kabul etmeli däl, olary çaýyň dürli görnüşleri bilen garmaly däl. 
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05359 sek. ýüklenen baýt: 31169