Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hytaýyň hökümeti: koronawirusyň ýurduň içinde ýaýrawy tamamlandy
Ýazylan wagty: 30 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Hytaýyň hökümeti: koronawirusyň ýurduň içinde ýaýrawy tamamlandy
Koronawirus ýokanjynyň Hytaýyň çäklerinde ýaýramasy bes etdi. Ýurtda bu kesel bilen hasaba alynýanlaryň aglaba bölegi ýurduň daşyndan gelen. Sinhua agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ýekşenbe güni brifingde HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet geňeşiniň resmi wekili Mi Fen belledi, diýip Trend agentligi belleýär.
 Bellenilişi ýaly, ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany azaldy we häzirki wagtda 3 müňden az sanla geldi. Şolardan 693-si daşary ýurtdan Hytaýa gelenlerdir. Şol bir wagtda Mi Feniň belleýşi ýaly, ýokanjyň HHR-iň çäklerinde ýaýrawynyň gaýtadan başlanmak howpy ýokary bolmagynda galýar.
 Merkezi Hytaýda 2019-njy ýylyň ahyrynda hasaba alnan koronawirus ýokanjy soňlugy bilen dünýäniň 160 döwletine ýaýrady we 11-nji martda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýa diýlip yglan edildi. Soňky maglumatlara laýyklykda, dünýäde bu kesel bilen 620 müňden gowrak adam keselledi, ýogalanlaryň sany 30 müňe golaýlady.
 Belläp geçsek, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça netijeli çäreler görüldi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bu keseliň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05219 sek. ýüklenen baýt: 30271