Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Çaga garaşýan zenanlaryň fiziki işjeňligini artdyrmak boýunça Maksatnama işlenip düzüler
Ýazylan wagty: 30 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Çaga garaşýan zenanlaryň fiziki işjeňligini artdyrmak boýunça Maksatnama işlenip düzüler
Türkmenistanda zenanlaryň göwrelilik döwründe fiziki hereketsizligini aradan aýyrmak, dogulýan çagalaryň semizliginiň öňüni almak boýunça innowasiýa çemeleşmeleri ulanylar. Munuň özi göwrelilik döwründe aýallaryň arasynda fiziki işjeňligi ösdürmäge ýardam eder. Bu barada «SNG. Bu gün» Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilelikde taýýarlajak bu innowasion strategiýasy saglygy goramak, semizligi aradan aýyrmak, çaga garaşýan eneler üçin bedenterbiýe meýilnamalaryny ösdürmegiň häzirki zaman usullarynyň çäginde amala aşyrylar. Maksatnama işlenip düzülende köp ýyllaryň dowamynda oňat netije görkezen halkara tejribesi peýdalanylar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu meýilnamasy  Türkmenistanda 2018 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýe boýunça Milli strategiýasyny amala aşyrmagyň bir bölegine öwrüler.

Innowasion çemeleşmäniň çäklerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi çaga garaşýan enelere maslahat berjek we olara degişli maşk meýilnamasy boýunça gözegçilik etjek lukmanlar bilen goşmaça okuw geçirer. BSGG-nyň tejribesine görä, bu çemeleşme zenanlaryň saglygyny berkitmäge, göwrelilik döwründe durnukly uky bilen üpjün etmäge, şeýle-de olaryň ruhubelent bolmagyna kömek eder. Bu şertleriň bolsa, öz gezeginde, düwünçege oňyn täsiri bar.

BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýurduň Prezidentiniň öz raýatlary üçin edýän aladasy, şeýle-de ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek boýunça döwletiň, onuň degişli ministrlikleriniň köptaraplaýyn netijeli çemeleşmeleri amala aşyrmagy bilen baglydygyny belleýär.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08103 sek. ýüklenen baýt: 31314