Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
At çapyşygy
Ýazylan wagty: 10 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 


   Diýarymyzyň ähli atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu geçirilen dabaraly çäreler ady äleme dolan ahal teke atlarynyň watany bolan Türkmenistanda Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe atçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň, atçylyk sportunyň janköýerleriniň hatarynyň barha artýanlygynyň, gamyş gulak bedewlerimize söýgiň we hormatyň bimöçberdiginiň ýene-de aýdyň beýany boldy. Paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynda geçirilen çapyşyklarda ahalteke bedewleriniň arasynda dürli aralyklar boýunça at çapyşyklaryň 10-sy geçirildi. Birinji çapyşykda iki ýaşar bedewler bir müň metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Garlydag ýeňiji boldy. Ikinji çapyşyk güýzki möwsümiň iň jogapkärli hem-de çekeleşikli çapyşyklarynyň biri boldy. Onda üç ýaşar bedewler Türkmen atlary Döwlet birleşiginiň göçme kubogy ugrunda güýç synanyşdylar.  Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gurgun diýen bedew möwsümiň baş baýragyna mynasyp boldy.  Üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Gaýratly atly bedew ýeňiji boldy. Ikiýaşar bedewleriň dördünji çapyşykdaky bäsleşiginde Allagulyýewiň hojalygyna degişli bolan Gadyr 2 ýeňiji boldy. Bäşinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewlewer iki müň iki ýüz metr aralyga goşuldylar. Onda Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Baharly atçylyk toplumyna degişli bolan Baharly diýen bedew ýeňiji boldy. Altynjy çapyşykda Rahymowyň hojalygyna degişli bolan Söýgülim diýen bedew birinji geldi. Ýedinji çapyşykda bolsa üç ýaşar bedewler Mätäji baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Içeri işler Ministrligine degişli bolan Gudrat atly bedew ýeňiji boldy. Sekizinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meledepel ýeňiji boldy. Dokuzynjy çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler Oguzhan baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bahreýin atly bedew pellehana ilkinji geldi. Atçylyk möwsüminiň ýapylyş baýragyny almak ugrundaky geçirilen onunjy çapyşyga üç ýaşar bedewler çapyşyga goşuldylar. Onda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Akmaňlaý diýen bedew ýeňiji boldy.


 


 


Okalan sany: 883   Jogaplar: ( 2 )

shutnick
11 ноября 2013

yenijilerin alan sylaglaryny goyan bolsanyz hasam gyzykly bolardy, ya-da suraty bilen goymaly-da 

Mayichka
11 ноября 2013

Aýlawdaky owadan atlarymyzy göz öňüne getirip şu gysgajyk sport habaryny okaýmasaň men surat goýmany başaramokda gynansakda.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13458 sek. ýüklenen baýt: 33531