Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýä täzelikleri: nemes kompaniýasy ýükleri eltip berýän dronuň üstünde işleýär
Ýazylan wagty: 31 марта 2020 Ýazan NEXTTM
Dünýä täzelikleri: nemes kompaniýasy ýükleri eltip berýän dronuň üstünde işleýär
«UPS» kom­pa­ni­ýa­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň «Wingcop­ter» Awia önüm­çi­lik kom­pani­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de, sü­rü­ji­siz uç­ýan ap­pa­rat­la­ryň tä­ze gör­nü­şi­ni iş­läp düzmek iş­le­ri­ne baş­la­dy ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.

Hyz­mat­daş­lar öň bar bo­lan «Wingcop­ter» dro­nuň mo­deli­ni uly bol­ma­dyk ýük­le­ri el­tip ber­mek bo­ýun­ça dür­li kom­mer­si­ýa hyz­mat­lary ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len kämil­leş­di­rer­ler. Kä­mil­leş­dir­mek iş­le­ri üçin şu mo­de­liň saý­la­nyl­ma­gy, onuň ro­to­ru­nyň di­ku­ça­ryň we uça­ryň düzgü­nin­de uç­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän eý­läk-beý­läk egil­me me­ha­niz­mi­niň bar­ly­gyn­da­dyr.

Ne­ti­je­de, tä­ze dö­re­dilen dron­lar çäk­li gi­ňiş­lik­ler­de go­nup bi­ler­ler, soň­ra bol­sa dik­li­gi­ne ýo­ka­ry ga­lyp, in­di­ki bar­ma­ly no­ka­dy­na ýuwaş­lyk bi­len uçup gi­dip bi­ler­ler.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05537 sek. ýüklenen baýt: 30220