Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Yatlarsyn meni..
Ýazylan wagty: 11 ноября 2013 Ýazan Marala


Bu gün aýra düshdi durmush ýolumyz, 
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni! 
Ýa uly boldumy tutan pälimiz, 
belki, toý gününde ýatlarsyñ meni! 

Aýralyk derdi bar meniñ bashymda, 
ýatsam düýshümde sen, tursam hushumda, 
sheýdip däli boldum juwan ýashymda, 
belki, gaýgy-gamda ýatlarsyñ meni! 

Eliñ bilen öz bagtyñy ýatyrdyñ, 
ömürlik ýoldashyñ baky ýitirdiñ, 
düshünýän, saña-da hasrat getirdim, 
belki, hasratly gün ýatlarsyñ meni! 

Uzak oturmarsyñ gyzlygña garap, 
her gün sawchy geler rugsadyñ sorap, 
hossarlaryñ saña bererler azap, 
belki, azaply gün ýatlarsyñ meni! 

Ahyr bir gün toý sähediñ alynar, 
shondan soñ hem toýuñ güni bellener, 
shol gün…shol gün seniñ gelinalyjyñ geler, 
kürtäñ ichindekäñ ýatlarsyñ meni! 

Toý gutarar, adam galmaz dashyñda, 
bir ýash ýigit gelip durar gashyñda, 
gyzyl kürtäñ aýlap urar bashyñdan, 
belki, shol pursatda ýatlarsyñ meni! 

Gyzlyk buýsanjyñy alar eliñden, 
ýapyshar ol seniñ näzik teniñden, 
ol gün isleg-arzuw soralmaz senden, 
belki, gözýash bilen ýatlarsyñ meni! 

Dañ atar, gutarar hasratly gije, 
shol günden soñ adyñ bolar gelneje, 
umytly bakarsyñ ýagty geljege, 
belki, bagtly gün ýatlarsyñ meni! 

Ýyllar gecher bir-birine meñzemän, 
özge ýar gujakda dökersiñ gözýash, 
süýji arzuw, umyt gachar senden dash, 
belki, arzuw bilen ýatlarsyñ meni! 

Ine, shondan soñra, söýgülim, adyñ 
sähelche zat üchin alynar badyñ, 
ýadyña düshermi ýakan ýigidiñ? 
Belki, gam-hasratda ýatlarsyñ meni! 

Aý gecher, gün gecher — dogular chaga, 
az-kem ýatdan chykar gaýgy-alada, 
shonda-da käwagt bakarsyñ ýola, 
belki, ýola bakyp ýatlarsyñ meni! 

Goshgy ýazýar bu gün ýüregi para, 
aýralyk derdine tapylmaz chäre, 
ashyk oglan gözýash döker bichäre, 
ahmyr-arman bilen ýatlarsyñ meni! 

Aýdýan bu gün saña aýralyk güni, 
ýadymdan chykarman, söýgülim, seni! 
Diñle, söýgim, meniñ soñky sözümi: 
belki, shu goshguda ýatlarsyñ meni! 

Awtory: Babageldi Gurbanow

Okalan sany: 2277   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 ноября 2013

Bu goşgynyň Awtory: Babageldi Gurbanow ekeni. Men aýdymyny diňläpdim.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06271 sek. ýüklenen baýt: 33874