Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Terrorçylyk serişdelerini hereketsiz goýmak boýunça halkara maslahaty
Ýazylan wagty: 12 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Terrorçylyk serişdelerini hereketsiz goýmak boýunça halkara maslahaty

10.11.2013

Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1373 belgili (2001ý.) rezelýusiýasynyň talaplaryna laýyklykda terrorçylyga niýetlenilen maliýe serişdelerini hereketsiz goýmak boýunça iki günlük halkara maslahat açyldy. Ony Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorlygy, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereketler boýunça Ýewraziýa topary (EAG), Russiýa Federasiýasynyň maliýe gözegçiligi boýunça Halkara okuw-usuliýet merkezi bilen bilelikde guradylar. 

Maslahatyň işine dünýäniň 16 ýurdundan 110-dan gowrak wekil gatnaşýar, olaryň arasynda EAG-yň agzalary bolup durýan 9 döwletiň ählisiniň, şeýle hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň we GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň wekiliýetleri, bikanun alnan pullary kanunlaşdyrmaga garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) prezidenti, FATF-yň müdiriýetiniň we ýöriteleşdirilen sebit toparlarynyň birnäçesiniň, halkara guramalarynyň – BMG-niň Terrorçylyga garşy Komitetiniň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň wekilleri, maliýe aňtaw düzümleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ýewraziýa sebiti döwletleriniň gözegçilik edaralarynyň işgärleri bar. 

Mejlisiň barşynda şu maslahata gatnaşýan döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň oňyn tejribesine garaldy. Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş boýunça milli ulgamyň binýadyny, şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreleri has işjeňleşdirdi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda döredilen Maliýe ministrliginiň Maliýe gözegçiligi müdirligine – maliýe aňtawy milli gullugyna uly orun degişlidir. Harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, bu düzümiň hünärmenleri milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

FATF bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, Türkmenistan gysga wagtyň içinde bu ugurda mese-mälim öňegidişlikleri gazandy. Türkmen döwleti halkara ylalaşyklarynyň birnäçesini, şol sanda BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär. 

Gün tertibine halkara terrorçylygynyň islendik ýüze çykmalaryna garşy durmagyň guramaçylyk-hukuk gurallarynyň ýerine ýetirilişini işläp taýýarlamak meseleleri hem girizilen maslahata gatnaşýanlar türkmen tarapyna şu duşuşygyň guralandygy üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwüriň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 540   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06294 sek. ýüklenen baýt: 34681