Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär
Ýazylan wagty: 12 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär


Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hem-de Haryt-sig mal biržasynyň “Şir” toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik hokkeý boýunça 2013-2014-nji ýyllaryň möwsüminiň Türkmenistanyň ilkinji çempionatyndaky duşuşyklaryň esasylarynyň biri boldy. 

“Galkan” we “Şir” toparlary dördünji tapgyra çenli bir gezek hem utulman geldiler. Emma “Galkan” bir oýny köp oýnamalydy. Duşuşygyň birinji döwrüni IIM-niň topary 2:1 hasabynda artykmaçlyk bilen tamamlady. 

Oýun 10:1 hasabynda IIM-niň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Netijede “Galkan” 12 utuk toplap, ynamly öňdeligi eýeleýär. 

Çempionatyň dördünji tapgyryna çenli “Nesil” topary hem utulman gelýär we “Merdana” topary ýaly ol hem 6 utuk toplady. Olaryň özara duşuşygy haýsy toparyň köp utuk toplandygyny mälim etmelidi. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň tamamlandy we ýurdumyzda geçirilýän milli çempionatlarda ilkinji gezek oýnuň goşmaça wagty bellenildi. 

Oýnuň tamamlanmagyna bir minut galýança “Nesil” 9:8 hasabynda öňde barýardy. Emma, “Merdananyň” hüjümçisi P. Barkowskiý jürlewügiň ýaňlanmagyna birnäçe sekund galanda hasaby deňlemegi başardy. Soňra goşmaça wagtda hem bu hüjümçi okgunly hereketi bilen hasaby öz toparynyň peýdasyna 10:9-a ýetirdi. 

Ýaryşlaryň düzgünine görä, goşmaça wagtda utan topar, adatça bolşy ýaly, üç utuk gazanman iki utuk gazanýar, utulan topara bolsa bir utuk berilýär. Şeýlelikde 8 utuk toplan “Merdana” ikinji orunda, 7 utukly “Nesil” bolsa üçünji orunda barýar. 

Şu duşuşykda 10 hokkeý topunyň 9-syny P.Barkowskiniň geçirendigini bellemek gerek. Bu hüjümçi şu çempionatda bäsdeşlerniniň derwezesine jemi 30 gezek hokkeý topuny dürs urmagy başardy. Bu bolsa ähli oýunçylaryň arasynda görkezilen iň ýokary netijedir. Mysal üçin, şu görkeziji boýunça ikinji orunda barýan “Galkanyň” oýunçysy A.Wahowskiý ondan 12 hokkeý topuny az geçirdi. 

Şeýle hem dördünji tapgyrda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Oguzhan” topary Goranmak ministrliginiň “Watançy” toparyny 8:1 hasabynda, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan” topary Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bagtyýarlyk” toparyny edil şonuň ýaly hasap bilen utmagy başardylar. 

13-14-nji noýabrda sportuň gyşky görnüşleri boýunça Sport toplumynda üçünji tapgyryň oýnalman galdyrylan duşuşyklary – “Şir” – “Nesil”, “Watançy” – “Bagtyýarlyk” we “Oguzhan” – “Alp Arslan” jübütleri bäsleşerler.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 284   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 ноября 2013

Hokkeý ýaryşyna golaýdan tomaşa etseň has hem gyzykly. Wagtyň nähili geçenini hem bilmeýärsiň. Oýunçylaryň gaharjaňraklary, çalasynlary, gaýduwsyzlary oýnuň hasam gyzygyny artdyrýarlar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06280 sek. ýüklenen baýt: 36412