Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Eneleriň alkyşy
Ýazylan wagty: 12 ноября 2013 Ýazan GundogarNews

Eneleriň alkyşy

Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy ýoly bar. Şol taryhyň bütin dowamynda türkmen maşgalasynda ýüze çykyp, ösüp kemala gelen halk mukaddeslikleri, bu günki gün hem edep-ekram, görüm-görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Paýhasly türkmen durmuşy- türkmen paýhasy, mekdep bolup ýaşamasyny dowam etdirýär. Türkmençilige mahsus bolan häsiýetleri hem-de milli däp-dessurlary kalbyna siňdirip kemala gelen nesil, tüýs Türkmen bolup hem ýetişýär. Türkmeniň gülli keçeleri, türkmeniň nepis halylary, milli egin-eşiklerimiz, milli şaý-seplerimiz, bularyň ählisi türkmen ýaşaýşynyň bütin özenini düzýär. Türkmeni türkmen edip görkezýän hem ine, şu halk mukaddesliklerimizdir. Halkymyzyň yrym, ynanç diýen düşünjeleriniň hut aňyrsynda hem arassa ahlak ýörelgeleri ýatyr.

Adatça, nahar iýilip bolandan soňra hökmany suratda dünýeden öten ata-babalarymyzyň ruhuna bagş edilip, aýat-töwir okalyp, doga-dilegler edilýär. Edil şonuň ýaly alys ýola gideniňde ýa-da ýaşlar durmuş toýlaryny tutanlarynda hem ene-ata ýa-da dili dogaly ýaşuly adamlar tarapyndan ýagşy dileg edilip ak pata berilýär. Türkmen haýsydyr bir döwletli işiň başyny tutan mahalynda hem ak pata bilen başlaýar. Sebäbi, ulularyň ak patasy, doga-dilegleri saňa rowaçlyk getirýär. Halkymyzyň biri-birinden oňat däp-dessurlary, urp-adаtlary, köňül içre ýagşy niýetleri, dogaýy dilegleri bar.

Eger-de üns berýän bolsaňyz uzak ýola rowana bolanyňda enelerimiz hökmany suratda: “ Sag –aman baryp gel. Ýoluň ak bolsun!” diýip dileg edýändir.Gelen mahalyňda, jigileriň: “ Näme getirdiň?” diýip , begenip öňüňden çykýandyrlar. Eneler bolsa öz perzentlerinden hiç zat babatda hantama däldirler. Olar diňe saňa gözi düşenden boý-syratyňy nebsewürlik bilen guwanyp synlap durşuna ”Sag aman geldiňmi balam” diýip, seni bagryna basar. Eýsem, enäniň köňül içre dogaýy dilegi diňe şu iki pursatda jemlenäýdimi-kä? Ýok, eneler ýoklugyňda gören düýşlerini gowulyga ýorandyr. Käsesinde çöp çommalaýsa hamana diýersiň gapydan sen geläýjek ýaly ýoluňa garandyr. Tä sen öwrülip  gelýänçäň her naharyň töwirinde, her çaý içende, hat-da her içen owurt suwunda hem seniň rowaçlygyňy diläp telim ýola köňül içre doga-dileg edendir.

         Halyň sorap oturar,

         Ýetmeziňi ýetirer,

         Başyň ýerden göterer,

         Eneleriň alkyşy.

 

         Aýasynda saklandyr,

         Howp-hatara galkandyr,

         Her töwirde ýalkandyr,

         Eneleriň alkyşy.

 

         Ýegşerilseň günäde,

         Haka ýetip şobada,

         Kabul bolar ýene-de,

         Eneleriň alkyşy.

 

         Aýagynyň yzyna ,

         Togap etsem özüne,

         Kepil geçer sözüme,

         Eneleriň alkyşy.

 

         Ene sözi keremdir,

         Janlara jan berendir.

         Bizi goldap durandyr,

 

         Eneleriň alkyşy.

Ene sözüni her näçe dile alyp ezizledigiňçe, ol şonça-da mähribanlaşýar we ene mukaddesligine diňe bir bitewilik däl, eýsem dünýewilik kesgitlemesini bagş edýär. Bagt barada her kimiň öz dünýägaraýşy, öz düşünjesi, öz nukdaýnazary bar. Emma, her bir perzent üçin , her bir ynsan üçin iň uly bagt ol hem bolsa öýde kybla bakyp, seniň rowaçlygyňy diläp , alkyş okap oturan enelerimiziň barlygydyr. Agzy süýji zady iýse, gulagy süýji sözi eşitse, gözi gowy zatlary görse, ynsan bir gez beýgelýär.Özara gatnaştykda şu ýörelgelere amal etmek, bagtlylyga ýetirýär.

Danalardan biri :

- Men parasatly sözlerden kyrk depder doldurdym, emma ondan peýda görmedim. Ol kitaplardan kyrk pikiri saýlap aldym, emma ne bähbidini, ne-de peýdasyny tapdym. Soň olardanam bary-ýogy dört sany pikiri saýlap aldym we gözlän zadymy tapyp köňlüme saldym-diýipdir. Ene hakyndaky şu söhbetim elekde elenmezden hemmeleriň köňül şalygyny bezändigine ynanýaryn. Şonuň ýaly-da, ýene-de bir  danadan:

-Gözellik nämede? - diýip soranlarynda, ol:

- Gözleriň görejinde, güler ýüzdе, zenan wepadarlygynda we şirin owazda - diýip jogap beripdir.

                   Mähriban gelin-gyzlar!

Goý, siziň gözleriňiz nurdan , ýüzleriňiz şatlykdan, ýürekleriňiz söýgüden püre-pür bolsun!

        Annatuwak Kakaýewa-Köneürgenç etrap medeniýet merkezi kitaphanasynyň müdiri. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy. Magtymguly ad. ýaşlar baýragynyň eýesi

- See more at: http://gundogar-news.com
Okalan sany: 414   Jogaplar: ( 2 )

Krassavchik
12 ноября 2013

Mahriban Enelerin jany sagbolsun!!!!

Mayichka
12 ноября 2013

Enelerimiz baky ýaşasyn.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07028 sek. ýüklenen baýt: 39842