Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Pepsi – “Türkmenistanda öndürildi”
Ýazylan wagty: 12 ноября 2013 Ýazan Krassavchik
Türkmenistanda meşhur alkogolsyz içgi bolan Pepsiniň önümçiligine badalga berildi. Bu önümçilik “Akdaş miwe içgileri” hususy kärhanasynyň zawodynda garaşsyzlyk baýramçylygynyň 22 ýyllygynyň öňisyrasynda ýola goýuldy. PepsiС korporasiýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, bu türkmen kärhanasyna içgileri öndürmäge resmi eksklýuziw hukugy we biziň ýurdumyzyň çäklerinde logotipleri we söwda markalaryny peýdalanmaga ygtyýar berilýär. “Akdaş miwe içgileri” HK öz önümlerini Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň ýakynda bolup geçen sergisinde ilkinji sapar görkezdi. 

Önümiň hiliniň kesgitlenen standartlara doly laýyk gelmegi hyzmatdaşlygyň hökmany we berk talaby bolup durýar. PepsiСo önümçiligiň häzirki zaman derjesi – bottlere, işewürligi dogry alyp barmaga, durmuş taýdan jogapkärçilige, ekologiki howpsuzlygy berjaý etmäge, sagdyn durmuş ýörelgesine şert döredýän başlangyçlary ösdürmäge, şol sanda sagdyn iýmitlenmegi we beden taýdan işjeňligi wagyz edýän maksatnamalara, şeýle hem birnäçe beýleki şertlere aýratyn üns berýär. 


Pepsi öndürýän bu kärhana paýtagtyň ýakynda döredilen Abadan etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Bu täze kärhana bolup, ol şu ýylyň başynda guruldy we ulanylmaga berildi. Kärhana ýewropanyň häzirki zaman enjamlary – içgileri öndürýän doly awtomatlaşdyrylan liniýalary bilen üpjün edilendir. Bu ýere çeşme suwy Köpetdagyň eteginde ýerleşýän “Goturata” çeşmesinden gelip gowuşýar 

Telekeçileri döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamasynyň çäklerinde “Akdaş miwe içgileri” kärhasyna 2008-nji ýylda 10 müň inedördül metr agyz suwuny we alkogolsyz içgileri öndürmek üçin ýer bölünip berildi. Bir ýyl soňra bolsa, 2009-njy ýylyň mart aýynda, ol eýýäm ulanylmaga berildi. 

“Akdaş miwe içgileri” HK Türkmenistanyň bazarynda eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Bu kärhana ýene-de PepsiСo-nyň “nusgalaryň” ikisini – Mirinda we 7UP içgilerini sarp edijiler üçin taýýarlaýar.
Okalan sany: 978   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09472 sek. ýüklenen baýt: 32368