Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
saglyk ýoly
Ýazylan wagty: 12 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 


 


 


Häzirki günler ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, etraplarynda geçirilýän ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Bu geçirilýän sport ýaryşlarynda netijelere aýratyn üns berilýär. Ol türgenleriň tejribeleriniň artdyrylmagyna, kämilleşmeklerine uly ýardam edýär. Türgenleriň taýýarlyk derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýän ýaryşlar halkara sport bäsleşiklerine özboluşly taýýarlykdyr. Ýaryşlarda maksada okgunlylyk, ýeňşe bolan ynam aýdyň duýulýar. Bu ýagdaý üstünlige tarap ynamly ädimdir. Ýokary guramaçylyga beslenýän ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ýutdumyzda sportuň, bedenterbiýäniň meşhurlyga eýe bolýanlygyny görkezýär.


  Her hepdäniň dynç günleri saglyklaryny berkitmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlardyr professor mugallymlar saglyk ýoluna ýörişe çykýarlar. Geçen dynç güni ir säher bilen saglyk ýoluna Ulag we Aragatnaşyk institutynyň hem-de Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň talyplary we professor mugallymlary uly şatlyk şowhun bilen saglyk ýoluny geçdiler. Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde ussat türgenleriň ýerine ýetirmeginde görkezme çykyşlary uly ruhybelentlik bilen ýerine ýetirildi. Bu ýere ýygnanan adamlar dagyň tämiz howasyndan lezzet alyp, dag gerişlerinden uzap gidýän ençeme kilometrleri uly ruhybelentlik bilen geçmegi başardylar. Talyp ýaşlaryň ellerindäki pasyrdaýan ýaşyl tugumyz türkmen halkynyň asudalygynyň, erkanalygynyň aňlatmasy bolup durýanlygy bolsa diýseň buýsandyryjy ýagdaýdyr. Saglyk ýoluna gelýän ol ýerde saglyklaryny berkidýän adamlaryň hiç haçan yzy üzülmeýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň talyplaryň saglyk ýoluna ýörişi Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän halkymyzyň saglygyny berkitmek baradaky aladalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň görkezmesi bolup durýar. Saglyk ýoly adamyň diňe bir saglygyny berkitmek üçin däl-de, eýsem-de şahsyýediň ruhy taýdan arassalanmagy, kämilleşmegi üçinem iňňän ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň beden hem-de ruhy taýdan saglyklaryny gazanmakda saglyk ýoly deňsiz taýsyzdyr.


Okalan sany: 582   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 ноября 2013

Arassa howaly dag howasy nähili ajaýyp.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07689 sek. ýüklenen baýt: 31788