Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gylyçlaşmak ýaryşy
Ýazylan wagty: 13 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Gylyçlaşmak ýaryşy

   Diýarymyzda her bir raýatyň sagdyn bolmagyny gazanmak ugrunda sagdynlygyň  sakasy bolan sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler guwandyryjydyr. Munuň şeýledigine bu ugurda yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary çäreleri hem doly şaýatlyk edýär. Soňky ýyllar diýarymyzda sportuň gylyçlaşmak görnüşi uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzyň türgenleriniň sportuň bu görnüşine uly höwes bildirip, batly depginler bilen türgenleşmekleri, sportuň gylyçlaşmak görnüşiniň berkarar döwletimizde dünýä derejesinde kämilleşmegine itergi berýär. Golaýda Aşgabat şäheriniň sport baradaky komiteti, milli oýunlar sport mekdebi hem-de Türkmenistanyň gylyçlaşma milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzdaky ähli sport mekdepleriniň gatnaşmagynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Örän çekeleşikli geçen bu ýaryş Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň 3-nji sport mekdebinde geçirildi. Türgenleriň bu ýaryşa gowy taýýarlykly gelendiklerini olaryň geçirýän duşuşuklaryna syn edip aýtmak bolar. Baýrakly orunlary eýelän türgenler Türkmenistanyň Kuboguny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. 




Okalan sany: 398   Jogaplar: ( 4 )

Mayichka
13 ноября 2013

ýalňyşmasam suratdaky gylyçlaşma öňki döwre degişli.

marala
13 ноября 2013

ol dowur boldy bu dower boldy tapawudy name hazir on yaly gylyclasar yaly adam barmay

Mayichka
13 ноября 2013

Häzirki geçirilýän ýaryşlarda gylyçlara ýörite habar beriji ýüpler birikdirilýär. Egin başlary başgaça...

marala
14 ноября 2013

haaaaa,sag bol


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08675 sek. ýüklenen baýt: 32198