Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanyň halk suratkeşi, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Baýram Hojammaýew
Ýazylan wagty: 13 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň halk suratkeşi, “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Baýram Hojammaýew 

Garaşsyzlyk ýyllar içinde türkmen halky öz milli medenýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň hakyky eýesine öwrüldi. Ata-baba ýol-ýörelgelerine, däp-dessuryna sarpa goýmaga hukuk gazandy. Döredijilik işgärleri-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen erkin işlemäge, milli ruhly eserler döretmäge, ýürekde beslän, paýhas hem ylham eleginde taplanyp dünýä inen eserlerini halk köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik aldy. Gadymy döwürden gözbaş alyp, häzirki güne ýetip gelen hem-de halkyň baý medeni mirasyny düzen şekillendiriş sungatynda, esasan hem nakgaşçylykda bu aýratyn ýüze çykýar. Hut, sungatyň bu görnüşi türkmen halkynyň iň buýsanýan medeni mirasydyr. Bu sungatyň gymmaty häzirki döwrüň nakgaşçylarynyň döredijilik eserleriniň üsti bilen arşa göterilýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde uly işler bitiren ýiti zehinli  suratkeşlerimiziň biri-de Baýram Hojammaýewdir. Ussat ýaşuly halypamyzyň döredijiliginde görnükli şahsyýetleri, zähmetkeş watansöýüji adamlaryň gözel keşbini, diýarymyzyň ajaýyp gözel tebigatyny şekillendirmekde ýokary ösüşe eýe boldy.

Baýram Hojammaýew 1947-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akybaý obasynda eneden dogulýar. Baýram Hojammaýew türkmen suratkeş nakgaşydyr. Ol türkmen suratkeşlik durmuşyna 1973-njy ýylyň ikinji ýarymyndan başlap işjeň gatnaşýar. Onuň eserleri respublika we bütin soýuz sergilerine gatnaşyp gelýär. Kär biliminiň esaslaryny Baýram Hojammaýew  Asgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde 1962-1967 nji ýyllarda ele alýar.  Soňra ol bilim almagyny M.I.Surikow adyndaky Moskwanyň çeperçilik institutynda (1967-1973-nji ýyllar aralygynda) dowam etdi we ussat suratkeş Ý.K.Korolýowdan bilim aldy. Suratkeş okuwyny üstünlikli tamamlaýar.Baýram Hojammaýewiň döreden eserlerinde beýan edilýän wakalar her bir gahrymanyň durmuşynda bolup geçen ömrüniň gyzykly pursadyndan habar berýär. Onuň taslama eserlerinde şekillendirilen hereketli keşpler öz manylygy bilen tomaşaçynyň ünsüni çekýär. Suratkeşiň eserleri mylaýymlygy we reňk öwüşginiň ýerbe-ýerligi bilen tapawutlanýar. Baýram Hojammaýewiň döreden eserlerinde çylşyrymly taslama gurluşygyny doly açyp görkezýär.

Baýram Hojammaýewiň eserlerinde gündogaryň poeziýasyndan we filosofiýasyndan gelýän gadymy çeperçilik dilli aýratynlyklarygörmek bolýar. Suratkeşiň reňkdäki owazlary käte jadylaýjy şahyrana güýje, käte bolsa tukatlaýjy hasrata ýugrulan, şeýle hem olarda estetiki-döredijilik gözlegleriniň aýratyn başlangyçlaryny duýmak bolýar. Baýram Hojammaýew ähli meselelerde köp zady öz içine alýan giň temalara, ýagny söýgä, hasrata, ömüre, ölüme, adama, tebigata, ekologiýa ýüzlenýär. Ussat suratkeş döredijiligini has umumylaşdyrylan, häzirki zaman we simwoliki akaba gönükdirýär. Onuň eserleri suratkeşiň kalbynyň özboluşly şöhlelenmesidir, şahyrana filosofiki, nakgaşçylykdaky reňkli, ritmli simfoniýadyr, reallygyň we abstraktlygyň elementleriniň birleşmegidir. Bu aýdylanlara awtoryň “Kölege” (1989) atly eserinde görmek bolýar.  Baýram Hojammaýew döredijiliginiň umumy mukamy howsalaly, olardan urşuň, ömrüň we ölümiň owazy eşidilýär. Ol suratkeş-psiholog we filosofdyr. Nakgaş dürli žanrlarda işleri ýerine ýetirip, olar awtoryň özüniň ahlak-etiki garaýyşlaryny we okgunlylygyny çuňňur açyp görkezýän eserlerdir. Baýram Hojammaýewiň  portret eserleri hem metaforlaşdyrylan häsiýete eýedir. Olara 1980-nji ýyllarda döredilen “Bumerang” (1991), “Eli küýzeli türkmen aýaly” (1992) eserlerini mysal getirmek bolar. Şeýle eserleriniň ýene biri 1994 nji ýylda ýerine ýetirilen “Öýläne çalan mizan”. Bu portret eserinde adamkärçiligiň, häsiýetiň, ykbalyň beýikligi hökmünde göz öňüňde janlanýar. Suratkeş bu ýerde çuňňur psihologiýa ýüz tutýar. Gahrymanyň gözleri anyk görkezilmese-de, onuň nazarynyň täsir ediji güýji duýulýar. Bu nazar durmuşy, janly şöhlelendirip, predmetsizligi anyk keşbe öwürýär. Eser näçe çylşyrymly hem bolsa, hakykat bilen özüne çekiji güýje eýe bolup, awtoryň hyýalyna boýun egdirilendir. Nakgaş sýužeti gürrüň bermän, ol şekillendirilen gahrymany tomaşaçynyň özüniň akylyna aýlamagyna mümkinçilik berýär.

B. Hojammaýewiň her bir reňk urgusy, onuň Ata-Watan, ene-toprak diýip ýürekden çykýan ýaly sazlaşykly. Şeýle tämiz suratkeşlik usuly ussadyň  döredijiligini  halka ýakyn we söýgüli  edýär. Onuň sungaty - däpli türkmen  mekdebiniň bir nusgawy eserine  öwrüler!

- See more at: http://gundogar-news.com
Okalan sany: 560   Jogaplar: ( 1 )

marala
13 ноября 2013

goodtuweleme


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09722 sek. ýüklenen baýt: 34602