Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan halkara fotosergi geçirildi
Ýazylan wagty: 14 мая 2020 Ýazan NEXTTM
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan halkara fotosergi geçirildi
13-nji maýda Aşgabatda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi.
 Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
 Fotosergi gündelik durmuşdaky aýdyň we täsirli pursatlary, halkymyzyň köpasyrlyk däplerini görkezmäge, olary sergä gelenlere özboluşly görnüşde ýetirmäge ukyply bolan fotosuratçylaryň zehinini açyp görkezýär.
 Daşary ýurtly awtorlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işleriniň hatarynda gaýtalanmajak tebigy gözellikler, binagärlik ýadygärlikleriniň özboluşly suratlary bar.
 Günüň ikinji ýarymynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Oňa Owganystanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.
 Wideomaslahatyň barşynda oňa daşary ýurtly gatnaşyjylar öz işlerini görkezip, döredijilik meýilnamalary barada gürrüň berip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotoserginiň we maslahatyň ýokary derejede guralandygy, üstünlikli medeni gatnaşyklara ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çäräniň çäklerinde fotosergä gatnaşyjylara diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Okalan sany: 297   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11430 sek. ýüklenen baýt: 30923