Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hokkeý ýaryşy
Ýazylan wagty: 13 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 Türkmenistanyň Içeri işler Ministrliginiň “Galkan” hem-de Haryt çig mal biržasynyň “Şir” toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik hokkeý boýunça 2013-2014-nji ýyllar möwsüminde Türkmenistanyň ilkinji çempionatyndaky duşuşyklarynyň esasylarynyň biri boldy. “Galkan” we “Şir” toparlary 4-nji tapgyra çenli bir gezek hem utulman geldiler. Emma “Galkan” bir oýny köp oýnamalydy. Duşuşygyň birinji möwsüminde Içeri işler Ministrliginiň topary 2:1 hasabynda artykmaçlyk bilen tamamlady. Oýun 10:1 hasabynda  “Galkan” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Netijede  “Galkan” 12 utuk toplap ynamly öňdeligi eýeleýär. Çempionatyň 4-nji tapgyryna çenli “Nesil” topary hem utulman gelýär we “Merdana” topary ýaly ol hem alty utuk toplady. Olaryň özara duşuşygy haýsy toparyň köp utuk toplandygyny mälim etmelidi, duşuşygyň esasy wagty deňme-deň tamamlandy we ýurdumyzda geçirilýän milli çempionatlarda ilkinji gezek oýnuň goşmaça wagty bellenildi. Oýnuň tamamlanmagyna bir minut galýança “Nesil” topary 9:8 hasabynda öňde barýardy. Emma “Merdana” toparynyň hüjümçisi Barkowskiý jürlewügiň ýaňlanmagyna birnäçe sekunt galanda hasaby deňlemegi başardy. Soňra goşmaça wagtda hem bu hüjümçi okgunly hereketi bilen hasaby öz toparynyň peýdasyna 10:9 ýetirdi. Ýaryşlaryň düzgünine görä goşmaça wagtda utan topar adatça bolşy ýaly iki utuk gazanýar. Utulan topara bolsa bir utuk berilýär. Şeýlelikde 8 utuk toplan “Merdana” ikinji orunda 7 utuk toplan “Nesil” bolsa üçünji orunda barýar. Duşuşykda 10 hokkeý topunyň 9-syny Barkowskiniň geçirenligini bellemek gerek. Şeýle hem 4-nji tapgyrda Türkmengaz Döwlet konserniniň “Oguzhan” topary Goranmak Ministrliginiň “Watançy” toparyny 8:1 hasabynda, Aragatnaşyk Ministrliginiň “Alp-arslan” topary Sport baradaky Döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bagtyýarlyk” toparyny 8:1 hasap bilen utmagy başardy.


 


Okalan sany: 263   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 ноября 2013

Siziň pikiriňizçe haýsy hokkeý topary çempion bolarka.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06158 sek. ýüklenen baýt: 30955