Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistan BSGG bilen koronawirusyň ýaýramagyna garşy netijeli göreş çärelerini işläp taýýarlaýar
Ýazylan wagty: 21 мая 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan BSGG bilen koronawirusyň ýaýramagyna garşy netijeli göreş çärelerini işläp taýýarlaýar
BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen BSGG-niň hünärmenleriniň arasynda geçirilen iş maslahatynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy netijeli göreş çärelerini işläp taýýarlamak meselelerine garaldy.
 Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjynyň töwekgelçiliginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilen meýilnamalaýyn giň möçberli işleriniň netijelerine oňyn baha berip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny hem-de dessin çäreleriň geçirilmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň wajypdygyny we onuň öz wagtynda kabul edilendigini hem-de gyssagly hereket çärelerini görmek çözgüdiniň ähmiýetlidigini nygtadylar.
 Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri geçirilýän çäreleriň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň zerur lukmançylyk enjamlary, şahsy gorag serişdeleri, test-ulgamlary hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy serişdeleri doly üpjün edilendigi nygtaldy.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05298 sek. ýüklenen baýt: 30323