Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Beýni uky wagtynda daşky signallary öçürýär
Ýazylan wagty: 21 мая 2020 Ýazan NEXTTM
Beýni uky wagtynda daşky signallary öçürýär
Fransiýadaky CNRS we ENS-PSL edaralarynyň we Awstraliýadaky Monaş Uniwersitetiniň alymlary beýniniň düýş görmek bilen bagly uky döwründe sözleýiş sesi ýaly daşky dünýäniň maglumatlaryny öçürýändigini görkezdiler. Bu ukyp goraýjy mehanizmleriň biri hasaplanylýar. Parižiň Centre du Sommeil et de la Vigilance klinikasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilen barlag Current Biology žurnalynda neşir edildi. Bu barada medikforum.ru habar berýär.
 Beýniniň özüni daşky täsirlerden nähili goraýandygyna has gowy düşünmek üçin barlag geçirijiler barlaghana 18 gatnaşyjyny çagyrdylar. Eger-de ýatan adama gapdaldan seretseň, onda onuň diňe gözüniň hereket edýändigini görmek bolýar. Bu gysga wagtlyk ukynyň döwrüdir. Düýşler esasan, ukynyň gysga wagtlyk döwründe bolup geçýär, şonda beýni hereketde bolýar we adamyň hereketdäki işjeňligine meňzeş işjeňligi görkezýär.
 Düýş görüji beýniniň daşky sesler bilen nähili ýagdaýda özara hereketdedigini öwrenmek üçin, alymlar ýatan meýletinçilere manysyz dil bilen garylan fransuz dilindäki gürrüňleri diňletdiler. Elektroensefalogrammany maşyn biliminiň tehnikasy bilen birikdirip, olar beýniniň hatda ýatan wagtynda-da daş töweregindäki bolup geçýän zatlaryň ählisini “ýazyp almasyny” dowam etdirýändigini tassykladylar.
 Şeýle-de, olar ýeňil uky wagtynda beýniniň hereket wagtyndaky ýaly manyly gepleşige ähmiýet berýänligini görkezdiler. Ýöne şeýle sözleýiş gysga wagtlyk uky döwründe gözüň hereket edýän wagtynda işjeň süzgüçden geçirilýär, beýni hereketde bolmasa adamlar gaty seslere oýanyp hem bilmezdiler. Başgaça aýdylanda, biziň ukuda ýatýan beýnimiz daşky dünýäden maglumatlary alyp, ony berkidibem ýa-da ony öçüribem bilýär.
 Alymlar topary şeýle mehanizm beýnä emosional deňagramlylyk we gündeki bilimi berkleşdirmek üçin möhüm bolan düýş döwrüni goramaga mümkinçilik berýär diýip hasaplaýarlar. Düýşleriň gözüň hereket wagtynda bolup geçýändigine garamazdan, olar ukynyň beýleki döwürlerinde-de ýüze çykyp bilýärler.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09823 sek. ýüklenen baýt: 31149