Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Turkish Airlines» halkara howa gatnawlaryny dikeldýär
Ýazylan wagty: 22 мая 2020 Ýazan NEXTTM
«Turkish Airlines» halkara howa gatnawlaryny dikeldýär
«Turkish Airlines» türk howa gatnawlary kompaniýasy 10-njy iýundan başlap halkara howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär. 
 Bu barada kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň müdiri Ilker Aýji aýtdy, diýip türk habar beriş serişdelerine salgylanyp, Trend agentligi habar berýär. 
 I.Aýjiniň aýtmagyna görä, uçaryň salonyna diňe el torbalaryny almaga rugsat berler. El goşlaryny salonyň içinde daşamak gadagan ediler. Ýüküň bu görnüşi üçin niýetlenilen 8 kilogram ýolagçynyň esasy ýüküniň üstüne goşular.
 Habar berlişi ýaly, içerki gatnawlar 4-nji iýundan, halkara gatnawlar bolsa, 10-njy iýundan başlanar.
 Belläp geçsek, öň, Türkiýäniň esasy howa gatnadyjysy bolan Turkish Airlines kompaniýasynyň baş direktory Bilal Ekşi Twitterde 28-nji maýa çenli halkara howa gatnawlarynyň ýerine ýetirilmejekdigini habar beripdi.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07033 sek. ýüklenen baýt: 29891