Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Samsung ABŞ-da smartfonlaryň alyjylar reýtingini esaslandyrdy
Ýazylan wagty: 22 мая 2020 Ýazan NEXTTM
Samsung ABŞ-da smartfonlaryň alyjylar reýtingini esaslandyrdy
Alyjylaryň ol ýa-da beýleki önümleriň kanagatlanmasy boýunça barlag alyp barýan ACSI guramasynyň hünärmenleri adata öwrülip giden barlaglarynyň netijelerini neşir etdiler, onuň çäklerinde ulanyjylaryň smartfonlardan kanagatlanarlyk derejesi bahalandyrylýar. Netijede, Apple kompaniýasynyň gajetleri ABŞ-nyň bazaryndaky esasy bäsdeşine, ýagny Samsung günorta koreý tehnologik ägirdiniň gurluşlaryna öz ornuny berýär. Bu barada news24.ru habar berdi.
 Bir ýylyň dowamynda ABŞ-nyň, takmynan, 180 müň ýaşaýjysyndan olaryň haýsy hem bolsa bir harytdan nähili kanagatlanandyklary barada sorag geçirildi. ABŞ-nyň ýaşaýjylary, esasan, Samsung Galaxy Note 9 smartfonuň satuwyndan kanagatlanypdyrlar. Sorag etmä gatnaşyjylaryň 85%-i bu barada habar berdiler.
 Barlagyň umumy jemi boýunça ulanyjylaryň Apple kompaniýasynyň önümlerinden özleriniň kanagatlanarlyk derejesini bahalandyryp, bu amerikan brendine has köp bal berendiklerine garamazdan, ulanyjylaryň has hoşal bolan gurluşlarynyň aýratyn reýtinginde Apple modellerine üçlükden ýer almak başartmady. 2019-njy ýylda Apple şol reýtingde mümkin bolan 100 baldan 81 bal gazandy. 
 Ikinji orun Galaxy S9+, Galaxy S10 we iPhone XS Max (84%) modellerine degişli boldy. Üçünji orny 83% kanagatlanylan netije bilen iPhone X, Galaxy S9, iPhone 8 Plus, Galaxy S10+ eýeledi. Dördünji setirde iPhone 11, iPhone 11 Pro Max, iPhone 6S we Galaxy S8 ýerleşdi. Bu modellerden amerikanlaryň 82%-i kanagatlandy. Bäşligi 81% goldanylma bilen iPhone 8, iPhone 11 Pro we Galaxy J7 Prime jemleýär. 
 Smartfonlaryň 10-lugy 25 sany model girdi, şolaryň diňe ikisi Apple we Samsung tarapyndan döredilmedik.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05877 sek. ýüklenen baýt: 30754