Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
❣Dözüp bolmaz saña...
Ýazylan wagty: 14 ноября 2013 Ýazan Marala
❣Dözüp bolmaz saña...

Dözüp bolmaz saña gam-dert,hesreti
Söýgä dert bermeklik külli günädir,
Didäñde jemlenen älem eşreti,
Bu ahwalda men biçäre günäsiz.

Dözüp bolmaz saña gepi-gybaty,
Söýgiñ huzurynda gybatkeş laldyr,
Yşgydyr şahyryñ uçar ganaty
Söýmek, köýmek şahyr üçin ykbaldyr.

Dözüp bormy saña gahar-gazaby
Söygi ondan alysda hem beýikde.
Men zeminiñ ir saralan Bahary,
Yşkyñ bilen synan göwnüm seýikle.

Dözüp bormy saña galan-gaçany
Söýgä päklik,ýeketäklik gurbandyr.
Ýatlap bu ýazgytda bolan geçeni
Özüm bilip saklanmadym,durmadym.

Dözüp bolmaz saña zerre-gussany,
Diñle yşkyñ beýhuş edýän sazyny
Saña goýýan şygrymy hem kyssamy
Indiden soñ dözüp bolmaz özümi!

Suraý Babaýewa 
Okalan sany: 320   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13128 sek. ýüklenen baýt: 29451