Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Nesil hakda alada.
Ýazylan wagty: 14 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
      

Nesil hakda alada.

Körpe nesil, çagalar, ýetginjekler barada alada etmeýän, ýaş ösdürimiň ykbaly bilen gyzyklanmaýan adam ýok bolsa gerek. Bu babatda döredijilik işgärleri hasam köp iş bitirýärler. Olar terbiýe meselesinde ýalňyşlyk goýberip bolmaýandygyna, ýaş nesiliň terbiýesiniň umumadamzat aladasydygyna düşünýärler. Kiçisi bolmadygyň ulusy bolmaýandygy, körpe nesil barada hemişe aladalanyp durmalydygy döredijilik işgärlerini täze işlere ruhlandyrýar.
Çagalar hakdaky alada ir wagtdan bäri döräpdir. Ajaýyp ertekiler, läleler, hüwdüler, atalar sözleri, çaga oýunlary – halk döredijiligimizde orun alypdyr. Çagalary dogry terbiýelemek üçin aýdylýan rowaýatlar, tymsallar, degişmeler, olaryň aň düşünjelerini ösdürmek üçin ulanylan serişdeler, ir ýüze çykypdyr.

Biziň döwrümizde, ýaşlary terbiýelemekde teatr, kino, muzeý, kitaphana işgärleri, türgenler, atşynaslar, zergärler we başgalar köp işleri bitirýärler.
Islendik teatr çagalar barada oýunlar goýýar, olar barada sazlar, aýdymlar düzýärler. Halk döredijiligimiziň esasynda ýazylan drama eserleri, gurjak oýunlary ýaşlarda uly täsir galdyrýar. “Ýartygulak”, “Hudaýberdi gorkak”, “Japbaklar”, “Ejekejan”, “Akpamyk” ýaly ertekilerimiziň esasynda ençeme sahna eserleri döredi. Olary ýazan dramaturglar, oýuny goýan režissýorlar, sahna bezegini tapan hudožnikler, saz bilen bezän kompozitorlar – ýaş ösdürim üçin güýjüni gaýgyrmaýarlar. Ol eserleriň gahrymanlaryny janlandyrmaga gatnaşýan artistleriň körpeleriň öňündäki hormaty hasam ulydyr.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Aman Begenjow, entäk gurjak teatry täzeden açylmanka, kiçiräk topar toplap, gurjak oýunlary bilen obama-oba aýlanan adam. Ol ençeme pýesalar ýazdy. “Geçi emen”, “Suw patyşasynyň gyzy we Ähmet”, “Bally ýetim däldir”...ýaly eserleri dünýä indiren Aman agamyz çagalary terbiýelemekde uly işler bitirdi. 
Dramaturglar Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suhanow “Lallak bilen Wellek”, “Satylan düýş” drama eserini ýazdylar. Hemra Şirow hem esli eseri çagalara bagyşlady.

Ýurdumyz Garaşsyzlyk alandan soň çagalar barada hasam köp alada edildi. Ençeme radio we teleoýunlardan, çagalar mowzugyna bagyşlanyp ýazylan drama eserlerinden ybarat bolan oýunlar ýylyň ýylyna teatrlarymyzyň repertuaryny baýlaşdyrdy. Çagalar hakdaky eserleri goýmaklyk ussat işgärlere ynanyldy.
“Aýazhan çargyňa bakarak”, “Jadylanan meleguş” ýaly eserleriň yzyny “Akpamyk hem döwler”, “Böwenjik”, “Ýolbars we tilki”, “Çopan we körgarga” ýaly eserler tutdy.

Şu günki gün teatrlar ýaş nesile niýetläp aýdym-sazly, gülküli oýunlary goýýarlar. Olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýoldaşyňa wepadarlyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler öňe sürülýär.

Türkmenistany Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, ýaşlaryň göwnünden turýan, aýdym-sazly, tansly oýunlaryň ençemesi goýuldy. “Akpamyk”, “Täze ýyl gijesi”, “Ähmediň gaýduwsyz horazy”, “Jadyly söz”, “Bir aždarha bar eken”, “Süýji gawun waharman” ýaly oýunlara çagalar hezil edip tomaşa edýärler.

Aýmämmet Işangulyýew tarapyndan ýazylan “Ähmediň gaýduwsyz horazy” oýnuny Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annageldi Garajaýew goýdy. Suratçy Myrat Haýtyýew bilen režissýoryň tapan sahna bezegi (sahnada ýumurtga dur. Ol dürli tarapdan açylyp, dürli ýerleri emele getirýär) ýaş tomaşaçylary haýran galdyrýar. Spektaklda çykyş edýän artistler Gaýduwsyz horazyň (M.Aradow), Baýyň (B.Gylyjow), Baýmyradyň (K.Çaryýew), Pöwhe pälwanyň (A.Annarejepow), Tilkiniň (B.Amanowa) keşplerini şeýle bir çeperçilik bilen ýatdagalyjy edip suratlandyrýarlar weli, körpe tomaşaçylar özlerini oýnuň içinde ýaly, wakalara gatnaşýan ýaly duýýarlar. Baýyň “Gaýduwsyz horazdan” gorkup, zeýrenip aýdym aýdýan pursatynda körpeje çagalar, onuň üstünden gülüp, çapak çalýarlar. Ýüreklerinden Gaýduwsyz horaza guwanýarlar, onuň tarapyny tutýarlar.

Merdem bolsam daşymdan,
Derdim agdyk başymdan,
Şol gaýduwsyz bet horaz,
Aýrylanok gaşymdan.

Erbet-erbet gygyrýar,
Jyn-arwahy çagyrýar,
Indi çydap bilemok,
Ýürek-bagrym agyrýar,
Kömek ediň, halas ediň!

Waý, ana, ýene gygyrýar...
Oýunda şu aýdymdan soň çagalaryň, aýratynam çagalar baglaryna gatnaýan körpeje jigilerimiziň, Baýyň üstünden gülüp gopgun turuzyşlaryny bir görsediňiz!

Oýun çeper bolanda, tomaşaçylaryň göwnünden turanda, ony öwüp arşa çykarmak, mahabatlandyrmak geregem däl ekeni. Ony çagalar gaýta-gaýta görmäge gelýärler. Oýun çagalary adalatly bolmaga, dostuňa wepaly bolmaga, işýakmaz, mugtiýerler bilen söweşmäge çagyrýar. Onuň düýp manysynda “Dost goly – hemaýat” diýen düşünje bar. Awtor, režissýordyr artistler, sahnany bezänler, saz ýazýan kompozitor, bir söz bilen aýdanyňda ajaýyp eseriň sahna çykmagyna goşant goşan adamlar çagalara uly sowgat etdiler. Şeýle oýunlaryň höwri köp bolsun! Olar çagalara estetiki lezzet berip, olaryň ruhuny galdyrýar.  
       

Hudaýberdi Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan 
medeniýet işgäri.   

Okalan sany: 876   Jogaplar: ( 1 )

marala
02 января 2014

blush


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07929 sek. ýüklenen baýt: 36164