Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Syýahat” žurnaly
Ýazylan wagty: 15 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
“Syýahat” žurnaly

13.11.2013

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň neşir edýän “Syýahat” žurnalynyň täze sany “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” ady bilen paýtagtymyzda geçirilýän Halkara sergisiniň bölüminde öz ornuny tapdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal serginiň syýahatçylyk ulgamynyň giň ugurlaryny öz içine alýan bölüminiň maglumat gollanmalarynyň üstüni ýetirdi. 

Ýöriteleşdirilen neşiriň nobatdaky sany öz okyjylaryny we sergä gatnaşyjylary pudagyň möhüm meselelerine bagyşlanan syn, halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýän Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda sentýabr-oktýbar aýlarynda bolup geçen wakalar we çäreler bilen tanyşdyrýar. 


Ýurduň içeri we daşary syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hökmünde dereje berilýän bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumynyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bimöçberdir. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli aladasy netijesinde Türkmenistan jahankeşdeligiň ählumumy bazaryna mynasyp we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde ynamly goşulýar. Milli Liderimiziň daşary ýurtlara guraýan iş saparlarynyň gün tertibine bu ulgam boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär we bu ugurdaky gatnaşyklar ýokary dereje geçirilýän duşuşyklarda we daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleri bilen guralýan gepleşiklerde öz beýanyny tapýar. 

Şu ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa bolan iş saparynyň maksatnamasyna “JATA Travel Showcase 2013” Halkara syýahatçylyk sergisine baryp görmek meselesiniň girizilmegi, şeýle abraýly sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzyň Tokioda guralan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň abraýly syýahatçylyk sergisine işjeň gatnaşmagy baradaky ýörite makala bilen žurnal şu mowzugyň başyny başlaýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” ady bilen geçirilen Halkara sergisi we maslahaty baradaky giňişleýin makala onuň özboluşly dowamy bolýar. 

Bu möhüm wakalar Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň, halkara guramalaryň syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini kesgşitledi we işewür gatnaşyklaryň, tejribe alyşmagyň, täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň ýola goýulmagyny, häzirki döwürde döwrebap ulag we maglumat gatnaşygy ulgamynyň yzygiderli ösdürilýän ýeri Beýik ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegini şertlendirýär. 

Žurnalyň beýleki makalalary hem syýahatçylyk mowzugyna dürli dünýä garaýyşlar boýunça giňişleýin nazar salmaga mümkinçilik berýär. Žurnalyň sahypalarynda medeniýet, taryh, etnografiýa, sport, şypahana ulgamy, bejeriş-sagaldyş serişdeleri, syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynyň hyzmatlary ýaly ugurlar boýunça giňişleýin habarlar berilýär. Olaryň arasynda Hazaryň kenarynda gurlup ulanmaga berlen desgalar, dynç alyş düzüminiň täze köpugurly binalary, Aşgabadyň şähergurluşyk toplumynyň özboluşly bezegine öwrülen paýtagtymyzdaky kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Daşoguz welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler we syýahatçylyk künjekleri barada gürrüň berýän habarlar bar. 

Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň halkyň durmuş, medeni, ruhy mirasy bilen baglanyşyklylygy onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Gurban baýramy hem milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Žurnalyň ýörite bölüminde Gurban baýramynyň dessurlary, milli ýörelgeleri barada gürrüň berilýär. 

Žurnalyň her sanynda çap edilýän “Dünýäniň täze ýedi täsinlikleri” atly bölüminde 220 ýurduň syýahatçylarynyň ses bermegi netijesinde ykrar edilen dünýä tebigatynyň ajaýyplyklary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Wýetnamdaky Halong buhtasy barada gözelligi boýunça dünýäniň iň täsin künjegi hökmünde ykrar edilen ýere gaýybana syýahat berilýär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 590   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07868 sek. ýüklenen baýt: 33466