Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Milli sungatymyz we gurluşyk medeniýeti hakyndaky ýygyndynyň ikinji sany neşir edildi
Ýazylan wagty: 15 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Milli sungatymyz we gurluşyk medeniýeti hakyndaky ýygyndynyň ikinji sany neşir edildi

13.11.2013

Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhyna, onuň ägirt uly medeni mirasyna we döredijilik kuwwatyna bolan gyzyklanma barha ýokarlanýar. Ýaş nesillerimiziň watançylyk ruhunda, ruhy-ahlak ýörelgeler esasda terbiýelenmeginde milli sungatymyzyň we binagärligiň uly ähmiýeti bardyr. 

Aşgabatda “Türkmenistanyň mýňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahatynyň açylan gününde sungaty öwrenijileriň, arheologlaryň we taryhçylaryň makalalaryndan ybarat bolan “Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” atly ýygyndynyň ikinji sanynyň çap edilmegi ýöne ýerden däldir. Täze ýygyndy Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy maglumatlarynyň döwürleýin neşiriniň dowamyna öwrüldi. 


Bu neşirde dürli ugurlar giňden beýan edilýär. “Amaly- haşam sungaty” bölüminde belli alymlaryň we ýaş ylmy barlagçylaryň makalalary çap edilýär. Olar öz işlerinde arheologik tapyndylardaky we halk döredijiligindäki milli nagyşlary öwrenmek, muzeý gymmatlyklaryny, häzirki zaman ussatlarynyň eserlerinde beýan edilýän milli dessurlary barada gürrüň berýän meseleleri öňe sürýärler. “Şekillendiriş sungaty” bölüminde gadymy gymmatlyklara ХХI asyryň başlaryna degişli şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungatynyň esasy meýillerine syn berilýär. “Arhitektura mirasy” atly bölümde okyjylar gadymy Merwiň, Köneürgenjiň birnäçe taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we olary diňeltmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistana bagyşlanan düýpli gollanma berlen syn bilen tanyşdyrylýar. Ýygyndy “Ylmy miras” atly täze bölümiň maglumatlary bilen jemlenýär. Onda akademik W.M.Massonyň Türkmenistanyň bürünç eýýamyndaky sungaty baradaky makalasy ilkinji gezek türkmen dilinde çap edilýär. 

Ýygyndyda ýurdumyzyň belli hünärmenleri we olaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kärdeşleri öz işlerinii ýerleşdiripdirler. Olar häzirki zaman türkmen suratkeşligi, şekillendiriş sungaty, grafikasy, bezeg işleri, amaly-haşam sugatynyň milli görnüşleri (küýzegärçilik, zergärçilik, halyçylyk), şeýle hem Türkmenistanyň gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten binagärligi barada ýazýarlar. Şeýle maglumatlar diňe bir şu ugra degişli ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, talyplar üçin däl, eýsem Türkmenistanyň, tutuşlygyna alnanda bolsa Orta Aziýanyň maddy, taryhy we ruhy medeniýeti bilen gyzyklanýanlaryň hemmesi üçin ähmiýetlidir. 

Dünýäniň düli ýurtlarynyň ylmy barlagçylarynyň Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman sungatyna, binagärligine bolan gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, bu neşir halkara okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir we ol Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň kitaphanalaryna, iri ylmy merkezlerine iberilýär. Ýakyn wagtda bolsa bu neşir elektron görnüşde Internet ulgamyny peýdalanyjylar üçin hem elýeterli bolar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 718   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11924 sek. ýüklenen baýt: 35201