Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hytaý Pekinde ýüze çykarylan koronawirusyň genomy barada maglumatlary BSGG-a tabşyrdy
Ýazylan wagty: 22 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Hytaý Pekinde ýüze çykarylan koronawirusyň genomy barada maglumatlary BSGG-a tabşyrdy
Hytaýyň Mikrobiologiýa milli merkezi Pekiniň bazarynda ýüze çykarylan koronawirusyň aýdyňlaşdyrylan genomy baradaky maglumatlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna iberdi. Bu barada ylmy merkeziň özünde habar berilýär, muny rtvi.com ýetirýär.
 Infeksiýanyň çeşmesiniň doňdurylan balykdygy gümana, emma ol geçiriji bolup biler, sebäbi balygyň ýüzünde saklanyp galan wirus hem doňandyr, bu bolsa oňa Hytaýa gelmäge mümkinçilik döretdi. Hut deňiz önümleri, anyklanylyşyna görä, keseli beýlekilerden gowy saklapdyr.
 Institutyň saýtynda koronawirusyň üç nusgasynyň, ýagny adamdan alnan ikisiniň we daşky gurşawdan alnan biriniň yzygiderliklerini neşir etdiler.
 Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça hytaý merkeziniň epidemiology Lýu Szýunyň bellemegine görä, Pekinde ýaýraýan koronawirusyň ştamynyň Ýewropadan getirilen bolmagy ähtimal. Şol bir wagtda yzygiderlikler hut şu görnüşiň Ýewropada bellige alnana garanda, gas gadymydygyny görkezýär. Şeýle netijä alymlar wirusyň özgeriş analiziniň esasynda geldiler. Ştamda mutasiýa azdy. Belki, bu onuň doňdurylan ýagdaýda bolandygy we şonuň üçin onuň ewolýusiýa geçip bilmändigi bilen baglydyr.
 “Iki sany dürli wirusy alýarlar we seredýärler, olaryň haýsynda mutasiýa has köp geçipdir. Adaty ýagdaýda özgeriş haýsysynda köp bolsa, şol täze wirus hasaplanylýar. Haýsysynda az bolsa, ol tersine irki, başlangyç wirus hasaplanylýar. Onuň ýaýrama wagty has irki döwre degişli, degişlilikde, onuň ýaşy hem ýokary. Elbetde, eger biz bu barada ýüzleý aýtsak. Mundan başga-da, kesgitli algoritmli matematik hasaplamalar hem bar” – diýip, Lýu Szýun düşündirýär.
 Indi Hytaý import azyk harytlaryny ýola goýujylaryň ählisinden iberilmezden öň hökmany labarator netijesini talap edýär. Önümleriň barlag işleri Pekiniň ähli dükanlarynda we jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda dowam etdirilýär.
 Koronawirusyň ilkinji ýaýrawy 2019-njy ýylyň ahyrynda Uhan şäherinde bolup geçdi. Ony deňiz önümleriniň bazary bilen baglanyşdyrdylar. Geçen hepde Pekinde keseliň täze ýaýrawy bolup geçdi. Patogen infeksiýasynyň ýaýraýyş çeşmesi “Sinfadi” lomaý bazary boldy.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06144 sek. ýüklenen baýt: 31607