Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Xiaomi ses arkaly girizme mümkinçilikli syçanjygy hödürlär
Ýazylan wagty: 22 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Xiaomi ses arkaly girizme mümkinçilikli syçanjygy hödürlär
Xiaomi hytaý ägirdi özüniň diňe bir firma smartfonlary bilen däl-de, eýsem, durmuşy tehnikalaryndan başlap, kompýuter aksessuarlarynda gutarmak bilen dürli gajetleri bilen bellidir. Bu gezek hem Xiaomi kompaniýasy ses arkaly girizme mümkinçilikli täze simsiz syçanjygy çykarmagy meýilleşdirýär. XASB01ME kod atly gurluş barada habar ýakynda Internetde neşir edildi. Bu barada actualnews.org habar berýär.
 Mälim bolşy ýaly, kompaniýanyň syçanjygy rugsat beriji ukyby 4000 DPI barabar boljak optiki sensoryň bazasynda işlär. Mundan başga-da, dört ugurly aýlanyjy tigriň bardygy bellenilýär.
 Resmi satuwa syçanjyk Mi Smart Mouse ady bilen çykarylyp bilner. Täze önümiň aýratynlygy ses arkaly girizme mümkinçiligi bolup biler. Buýrugy, elbetde, personal kompýuteri ulanyjy berýär. Bu funksiýa arkaly ulanyjy teksti hem girizip biler. Şeýle-de, Bluetooth 5.0 göterijisi hem bar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, Wi-Fi arkaly syçanjyk maglumatlary geçirer. Akkumulýator iýmit bilen üpjün eder.
 Syçanjygyň tehniki parametrleri barada has jikme-jik maglumatlar heniz habar edilenok. Bluetooth SIG portalynyň şahadatnamasy gurluşyň tiz wagtdan hödürlenjekdigine şaýatlyk edýär. Kompaniýanyň täze önüminiň bahasy hem soňrak belli bolar.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07407 sek. ýüklenen baýt: 30251