Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistan we BAE pandemiýa döwründe ylmy merkezleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygyny aýtdylar
Ýazylan wagty: 23 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan we BAE pandemiýa döwründe ylmy merkezleriniň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygyny aýtdylar

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.
 Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyldy.
 Dünýädäki pandemiýa ýagdaýy barada gürrüň edip, diplomatlar iki ýurduň ylmy merkezleriniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagynyň zerurlygy barada aýtdylar.
 Ministrler, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işiniň ähmiýetini nygtap, onuň nobatdaky mejlisini geçirmekligiň seneleri barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň oňyn ösüşiniň saklanmagy bilen bagly meselelere garaldy.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08306 sek. ýüklenen baýt: 30333