Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Ýazylan wagty: 23 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
 Türkmen Lideri dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutany eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edilýän täze döwrebap senagat toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
 Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutany orak möwsümine gatnaşýanlar bilen gürrüňdeş boldy.
 Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, onda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň netijelerini jemledi.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05898 sek. ýüklenen baýt: 29943