Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Apple indiki ýylda eplenilýän iPhone hödürlemegi meýilleşdirýär
Ýazylan wagty: 23 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Apple indiki ýylda eplenilýän iPhone hödürlemegi meýilleşdirýär
Ýakynda internetde Apple kompaniýasynyň dolanan kagyz görnüşinde bir dewaýsy şekillendirilen patenti neşir edildi, häzir bolsa eýýäm kompaniýanyň başga bir gurluşy, ýagny ilkinji eplenilýän Apple iPhone barada täzelikler peýda boldy. Apple indiki ýylda eplenilýän iPhone hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada udn.com portalynda habar berilýär, muny klops.ru ýetirýär.
 Täze iPhone iki sany “ýelmeşdirilen” displeýden ybarat bolar. Ýazgyn ýagdaýda olaryň arasynda hiç hili boşluk bolmaz. Smartfonda FaceID ýüzi anyklaýjy ulgam bolmaz. Muňa derek gurluşyň gapdal tarapynda ýerleşdiriljek barmaklaryň yzyny skanerleýji bolar. Gapdalyndan dewaýs tegelek ramasy sebäpli iPhone 11-e meňzeş.
 Gynansak-da, dewaýsyň bazara çykjak senesi barada hiç hili maglumat habar berlenok, ýöne özüniň özüniň birinji eplenilýän smartfony üçin Apple Hon Hai, Daliguang we Kecheng ýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmesini saklap galar.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07590 sek. ýüklenen baýt: 29904