Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
BMW kompaniýasy 6 müň işçisini kemelder
Ýazylan wagty: 23 июня 2020 Ýazan NEXTTM
BMW kompaniýasy 6 müň işçisini kemelder
BMW kompaniýasy 6 müň iş ornuny kemeltmekçi bolýar. Şeýle ylalaşyga kompaniýanyň ýolbaşçylygy we kärhananyň önümçilik geňeşi geldi. Bu barada 32cars.ru habar berýär. Ýöne awtokonsern iş orunlaryny özüniň işgärlerini işden çykarmazdan boşatmakçy bolýar. Eger-de kompaniýanyň meýilnamasyny göz öňünde tutsak, bahym pensiýa ýaşyna ýetjek işgärler töleg almak bilen pensiýa wagtyndan öň çykyp bilerler. Mundan başga-da, iş wagty zähmet şertnamalarynda hepdede 40-dan 38 sagada çenli kemeldiler.
 Şeýle-de, tarif boýunça goşmaça tölegden meýletin boýun gaçyrylan ýagdaýda, işgärler özleriniň her ýylky rugsadyna goşmaça sekiz güni goşmaga mümkinçilik gazanarlar. Belläp geçsek, karantin çäreleriniň girizilmegi sebäpli Germaniýada awtolaryň satuwy birden pese düşdi. Şol sebäpli BMW kompaniýasyna bu çärýekde hem ýitgiler garaşýar.
 BMW kompaniýasynyň öz-özüni dolandyrýan awtomobilleri taýýarlamak boýunça gurşawda Mercedes-Benz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy bes etjekdigi hem belli boldy. Bu barada “MarketWatch” neşiri habar berýär hem-de hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýylda başlanandygyny hem belläp geçýär.
 Häzirki wagtda kompaniýada tutuş dünýä boýunça 126 müň töweregi işgär işleýär. Awtoöndüriji hatda gysgaldylan iş güni shemasyna hem geçdi, ýagny Germaniýanyň hökümeti “ýitirilen” sagatlar üçin işgärlere zähmet hakyny bölekleýin töledi. Ýöne indi kompaniýa koronawirus pandemiýasynyň netijelerini göz öňünde tutup, geljekki işleriň meýilnamasyny düzmegiň gerekdigi barada habar berdi. Kompaniýanyň wekili işgärleriň uly böleginiň Germaniýada azaldyljakdygyny belledi.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06164 sek. ýüklenen baýt: 30615